Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nazarbaýew “Milletiň lideri” boldy


Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew
Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew

Gazagystanyň parlamenti prezident Nursoltan Nazarbaýewe “Milletiň lideri” diýen ady berýän kanuny kabul etdi we bu at gazak metbugatynda çap edilenden soň, 15-nji iýundan öz güýjüne girdi.

Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew 13-nji maýda parlament tarapyndan kabul edilen we özüne “Milletiň lideri” diýen derejäni berýän kanuny kabul etmekden başda boýun gaçyrypdy.

Emma, muňa garamazdan, ol bu kanuna weto goýmady we ony parlamente yzyna gaýtarmady. Käri boýunça ýurist Sergeý Utkiniň aýtmagyna görä, metbugatda çap edilen güni bolan 15-nji iýundan başlap, Nazarbaýew gol çekmese-de, indi ol kanun prezident tarapyndan kabul edildi diýlip hasaplanmaly.

“Parlament baradaky kanunda bir düzgün bar, şol düzgüne görä, prezident bir aýyň dowamynda belli bir kanuna gol çekmese ýa-da ony yzyna gaýtarmasa, şol kanun prezident tarapyndan makullandy diýlip hasaplanýar” diýip, gazagystanly garaşsyz ýurist Sergeý Utkin Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

Gazak oppozisiýasyna degişli “Azat” partiýasynyň egindeş başlygy Bolat Abilow bu kanunyň kabul edilmegi bilen ylalaşmaýandygyny aýdýar: “Eger Nazarbaýew bu kanuna hakykatdan hem garşy bolan bolsa, näme üçin ol parlamentde bu meseläniň gozgalmagyny togtatmady? Parlamentde “Nur Otan” partiýasyndan saýlanan 100 deputat Nazarbaýewiň aýdanyndan çykyp bilmezdi. Bize milletiň lideri gerek däl. Häzirki wagtda biz bu mesele bilen bagly öz etmeli hereketlerimizi geňeşýäris”.

Gazagyztanly syýasatçy Baltaş Tursunbaýew milletiň lideri baradaky kanunyň kabul edilmeginde Nazarbaýewiň daş-töweregini aýyplaýar: “Gazagystana lider gerek, gutlaýaryn. Emma bu meseläni gozgan Nazarbaýewiň toweregindäki deputatlary tankytlamaly. Olar Nazarbaýewi yryp, bu kanunyň kabul edilmegini gazandylar”.

Kanunyň şertleri

“Milletiň lideri” baradaky kanunyna görä, Gazagystanyň ilkinji prezidentiniň hem onuň maşgala agzalarynyň özleriniň we olaryň eýeçiligindäki emlägiň, bank hasaplarynyň, olara degişli dokumentleriň eldegrilmesizligini bozan adam bäş ýyla çenli türme tussaglygyna höküm edilip bilner. Bu kanun boýunça, Nazarbaýewleriň bank hasaplarynyň gizlinlikde saklanylmagy hem kepillendirilýär.

Nazarbaýewiň janyna kast eden adam 15 ýyl türme tussaglygyna, hatda ölüm jezasyna hem höküm edilip bilner. Metbugatda hem prezident Nazarbaýewiň abraýyna zeper ýetirýän maglumatlary çap edip, onuň mertebesini pese düşürenler, şol sanda Nazarbaýewiň şekilini üýtgedip suratlandyran adamlaryň hem täze kanun boýunça üç ýyla çenli türme tussaglygyna höküm edilip bilinjekdikleri habar berilýär.

Dürli garaýşlar

Gazak intelegensiýasynyň arasynda hem bu kanun dürli garaýşlaryň peýda bolmagyna getirdi. Olaryň käbiri Nazarbaýew eden işleri bilen milletiň lideri bolmaga mynasyp diýseler, beýlekileri bu kanunyň kabul edilmegi bilen Nazarbaýewiň jenaýata baş goşandygy resmi taýdan ykrar edildi diýip hasaplaýarlar.

“Sebäbi prezidentiň günäsi bolmasa, onuň goragyna ýörite kanun kabul etmek zerurlygy hem döremezdi, bu kanun preizdnetiň öz halkyndan gorkýandygyna şaýatlyk edýär” diýen pikirler öňe sürüldi.

Gazak ýazyjysy Gabbas Kabyş ogly hem “Milletiň lideri” baradaky kanunyň kabul edilmegi bilen Nazarbaýewiň abraýyna zeper ýetdi diýen pikirde.

“Bu kanunyň kabul edilmegi bilen prezident masgara edildi. Ýagny, bu kanuny kabul edenlerinde, deputatlaryň prezidente hakyky jenaýatçy bolandygyňyz üçin sizi hem siziň maşgala agzalaryňyzy goramak zerur – diýdikleri bolýar. Olar bu kanun arkaly prezidentiň jenaýtçydygyny boýun aldyryp, ony masgara etdiler diýip hasaplaýaryn” diýip, gazak ýazyjysy Gabbas Kabyş ogly AÝ/AR bilen söhbetdeşlikde öz pikirini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG