Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Gyrgyz wakalary “bilkastlaýyn” bolmagy mümkin


Gyrgyz esgerleri Manas aeroportyna barýan ýoly goraýarlar, 16-njy iýun, 2010-njy ýyl.
Gyrgyz esgerleri Manas aeroportyna barýan ýoly goraýarlar, 16-njy iýun, 2010-njy ýyl.

Bileşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary edarasynyň aýtmagyna görä, soňky günlerde günorta Gyrgyzystanda ýüze çykan gazaply hereketleriň bilkastlaýyn ýola goýlandygyny çaklamaga esas bar.

Guramanyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissary Rupert Kolwille düýn Ženewada: “Gazaply hereketleriň Oş şäherinde koordinirlenip, ýüzi maskaly adamlar tarapyndan şol bir wagtda bäş ýerde amala aşyrylan hüjümler bilen başlanandygy hakda subutnamalar bar” diýdi.

11-nji iýundan bäri dowam edip gelýän çaknyşyklar netijesinde Oş we Jelalabat welaýatlarynda azyndan 189 adam ölüp, 1900-den gowrak adamyň ýaralanandygy aýdylýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň bosgunlar baradaky wekilleri öý-owzaryny taşlap gaçyp giden adamlaryň sanyny 275 müň töweregi diýip çaklaýarlar.

Wagtlaýyn hökümet bu barada öňki prezident Kurmanbek Bakyýewiň tarapdarlaryny günäleýär, Bakyýewiň özi bu aýyplamalary ret edýär.

Wagtlaýyn hökümetiň başlygynyň orunbasary Almazbek Atambaýew: “Çaknyşyklary maliýeleşdiren Bakyýewiň maşgala agzalary. Olaryň muny beýleki regionlara hem ýaýratmaga synanyşmagy mümkin” diýdi.

“Oşda bolan waka oňat planlaşdyrylan, oňat döredilen, oňat ýerine ýetirilen zat. Biz indi Çuisky regiony we Bişkekde-de şular ýaly prowokasiýa bolar diýip, pikir edýäris. Ýöne biz muňa öňünden taýýalandyk” diýip Atambaýew aýtdy.

Etniki çaknyşyklar ilki Oş we onuň töweregindäki etraplarda turup, soň Jelalabat welýatyna syrykdy.

Hüjümlerde köplenç nyşana alynýan bu regionda ýaşaýan özbekler. Ýöne gyrgyzlardan hem ölenler we ýaralananlar bar.

Özbegistan serhedi ýapdy

Özbek bosgunlary gyrgyz-özbek serhedinde, 15-nji iýun.
Özbegistan 45 müň töweregi bosguna ýurda gelmäge ýol bereninden soň, “mundan artyk mümkinçiligimiz ýok” diýip, serhedi ýapdy.

Ýewropada howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Gyrgyzystandaky ýörite wekili, gazak diplomaty Žanibek Karypžanowyň pikriçe, uzak möhletleýin durnuklylyk üçin ilki bilen konfliktiň düýp sebäplerine seretmeli.

“Konfliktiň aňyrsyndaky etniki sebäpler gözden salynmaly däl. Şonuň üçin gaty möhüm zat - bu mesele çözülende bu etniki toparlaryň gyrgyz topragynda agzybir ýaşamagy üçin durnukly esasyň döredilmegi” diýip, Ýewropada howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Gyrgyzystandaky ýörite wekili Karypžanow aýtdy.

Ýewropada howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň etniki azlyklar boýunça Ýokary komissary Knut Follebäk: “Otunbaýewanyň hökümeti ýagdaýa gözegçilik edip bilenok” diýdi.

Düýn ýerli resmiler Jelalabatdan gaçyp giden özbekleriň we beýlekileriň indi yzlaryna dolanyp gelýändiklerini habar berdiler.

Gyrgyzystanyň Howpsyzlyk geňeşiniň sektetary Alik Orozow halkara guramalarynyň iberýän gumanitar kömekleriniň gelip gowuşýandygy, ýöne bu kömekleri howpsyzlyk ýagdaýynyň ýaramazlygy zerarly adamlara ýetirip bolmaýandygyny aýtdy.

“Gelip gowuşýan gumanitar kömekleriň hemmesi howpsyzlyk ýagdaýy zerarly häzir Manas uçarlar meýdanynda saklanýar. Bu ýükleri Oşa ibermekde kynçylyk çekýäris. Biziň uçalarymyz köp däl. Olar bu ýükleri ol ýerlere aşyryp bilenok. Galyberse-de olar öz janyndan gorkup, ilki howpsyzlyk ýagdaýy düzelsin diýýärler” diýip Orozow aýdýar.
XS
SM
MD
LG