Sepleriň elýeterliligi

Meşhur Amerikan ýazyjysy Fenimor Kuper XIX asyrdaky wakalara bagyşlap, «Mogikanlaryň iň soňkusy» (The last of the Mohicans) diýen romanyny ýazýar. Romanda ýitip barýan ýerli indeýleriň taýpasyndan bolan ýigidiň başdan geçirenleri hakynda gürrüň edilýär.

Eger-de şu günler Fenimor Kuperiň sýužetine ýakyn bir eser ýazmaly bolsady, onda Türkmenistanda şoňa meňzeş bir gahryman bar. Ol hem ýitip giden kommunistler taýpasynyň iň soňky wekillerinden biridir. Ýöne meniň gahrymanym ýigit däl-de, segsene ýeteňkirlän zenan. Kitabyň adyna-da, «TKP MK-nyň iň soňky sekretary» diýsek tüýs jüpüne düşerdi.

Bu zenan öz wagtynda ýyldyza toýnak salýardy. Ol ençeme mert ärleri barsa-gelmeze gönderipdi. Onuň ady bütin sungat äleminde ýer sarsdyrardy. Galamynyň ýekeje setiri bilen türkmen topragynda dünýä inen ençeme romandyr powestleri, pýesadyr kinofilmleri döremedik ýaly etdiren bu zenana Maýa Mollaýewa diýýärler. Bir döwürler Kerim şahyram ony wasp edip, oňa bagş egip: «Gepleýär, Maýa Mollaýewa» diýen şygryny döredipdi.

Maýa Mollaýewanyň familiýasy dini kethudalara berilýän “molla” sözünden gaýdýan hem bolsa, geçen asyryň 1980-nji ýyllarynda ol Türkmenistanda musulmançylygy köki-damary bilen ýok etmek üçin gylyjyny syryp, niçeme ynsanlaryň bagtyny ýatyrypdy.

Ogullaryny sünnete ýatyranlary, hudaýýoly we gurbanlyk edeni, ölüsine jynaza okadan adamlary Maýa Mollaýewa kompartiýanyň hataryndan çykaryp, olary “it masgarasy” edip, işlerinden kowardy. Indi ol adamlar taryha siňip gitdiler. Maýa daýza bolsa, gaýta öňküdenem beter gülläp, göýä täzeden dünýä inen ýaly görünýär.

Maýa mollalar ökünmäge ukyplymy?

Bu zenanyň görkezmesi bilen ýazyjylaryň, şahyrlaryň, dramaturglaryň, senaristleriň, režissýorlaryň, kompozitorlaryň, hudožnikleriň aglabasy öz professional işlerini ýitirdiler. Käte oturyp oýlanýan, eger şeýle zenan dünýä inmedik bolsa, megerem, biziň sungatymyz gör näçe gymmatly edebi eserlere eýe bolardy. Belkem, biziň ilimizdenem Çingiz Aýtmatowlar, Resul Gamzatowlar, Boris Pasternaklar, Andreý Tarkowskiler, Wasiliý Şukşinler çykardy.

Bir ýola uly sadaka berlip durka Maýa Molaýewa gözüm düşüpdi. Ýalňyşmasam, SSSR-iň ýykylan uçurlarydy. Ol köpçülige seredip bilmän, başyny egip ýöräp barýardy. Ine, birdenem ýaşy 70-e golaýlan galstukly ýaşuly adam oňa: “Maýa Mollaýewna, säginip bilermisiňiz?” diýip gygyrdy. Maýa daýza birden tisginip gitdi-de, “Bolýar, aýdyberiň!” diýdi.

Olar iki bolup, meniň oturan agajymyň aşagyna gelip, birneme beýlerägimde ornaşdylar-da, özara gürrüňe başladylar. Men ilki olaryň gürrüňine kän bir ünsem bermedim. Emma ýaşuly adamynyň sesi edil meniň ýanymda ýaly eşdilýärdi. Ol Maýa Mollaýewa:

– Bu bolan, syýasy öwrülşikleri neneň görýäňiz? Gör, indi sizem hudaýýoluna gelýäňiz, duz dadýaňyz. Siziň ideologiýaňyzyň çüýrükdigini indi gördüňizmi? – diýdi.

Maýa daýza oňa gaharly seredip:

– Biz görkezme esasynda işledik. Buýruklary ýerine ýetirdik. Dogry, kösenen adamlar bolandyr. Aý, nätjek-dä, bu bir durmuş-da - diýdi.

Ýaşuly soňky sözlerini örän janygyp aýtdy:

– Kösenenler diýdiňizmi? Siz ençeme adamlaryň ömür tanapyny kesdiňiz, galanlarynam ýaraly edip taşladyňyz! Muňa siz ökünmelisiňiz! Ýöne näme, indi giç-dä!

Ýaşuly şondan soň elýalygy bilen gözüne biygtyýar inen ýaşyny süpürdi. Maýa daýza bolsa gürlemän, öz ugruna ýumlugyp gitdi.

Sungatyň başyna düşen musallat

Şol wakadan soň köp ýyllar geçdi. Ine, bir günden bir günem, eýýäm garaşsyzlyk döwründe, döwlet ýygnaklarynyň birinde Saparmyrat Nyýazow Maýa Mollaýewa söz berýär. Maýa daýza öňki görenimden hem ýene ýaşalan bolsa nätjek. Geçen agyr ýyllar onuň keşbine birjik-de zyýan etmändir. Şol ýygnakda S.Nyýazow oňa iň uly syrlary saklaýan edaranyň, Türkmenistanyň Baş döwlet arhiwiniň açaryny ynandy.

Hawa-da, ol açary diňe Maýa daýza saklap biljekdi. Onda hilegärlik sungaty gaty ösendi. Maýa Mollaýewa döwlet arhiwine ýolbaşçy bolansoň, taryhçylar, ýazyjylar, žurnalistler arhiwiň hyzmatyndan mahrum boldular.

Saparmyrat Nyýazow ýogalansoň, ýurdumyzyň syýasy we ykdysady ýagdaýy gowulanar öýdüp, tama edipdik. Sungatymyz erkinlige eýe bolar, niçeme edebi çeper eserler dörär we halkymyz onuň miwesini dadar diýip, ýürekden garaşýardyk. Emma ol umydymyz başa barmady. Nyýazow ölse-de, onuň işewür maslahatçylary diridi. Şolaryň jan etmegi bilenem Türkmenistanyň prezidentiniň ýanynda sungat we medeniýet işleri boýunça komissiýa döredildi. Komissiýanyň asyl maksady medeniýeti we sungaty ösdürmek däl-de, tersine, ony öňküdenem beter ýere sokmak, berk gözegçilikde saklamak üçin gerekdi.

Bu komissiýa işewür maslahatçylar Maýa Mollaýewany jogapkär işgär edip belletdiler. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bolsa şowakörlügi bilen Maýa Mollaýewanyň täzeden Gyrata münüp, Türkmenistanyň medeniýet we sungat ulgamyna hanlyk etmegine ýol açdy.

Netijede türkmen sungatynyň başyna ýene-de şol öňküje kolonial döwürdäki hupbatlar indi. Türkmenistanda, gudratly Maýa Mollaýewanyň resmi rugsady bolmasa, ýazylýan çeper kitaplar, teatr sahnasynda goýulmaly drama eserleri, kinostsenariler – döredem bir, döremedem, ile ýetmän, ýok bolup gidýärler.

Maýa Mollaýewanyň ýaşynyň soňunda Türkmen medeniýetiniň we sungatynyň sakasyna täzeden miraplyk etmegi Türkmenistan döwletini täzeden garaňkylyk dünýäsine hasam çuň süsdürýär. Taryhyň atasy Gerodotyň aýdyşy ýaly: «Taryh gaýtalanýar». Onda-da, nähili gorkunç taryh...

Gurbangeldi Töräýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG