Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň resmisi Özbegistana barýar


ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Robert Bleýk
ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Robert Bleýk

16-njy iýunda ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Robert Bleýk, Türkmenistana eden saparyndan soň, on müňlerçe adamyň Gyrgyzystandaky çaknyşyklardan gaçyp sygynan ýurdy bolan Özbegistana barýar.

Döwlet sekretarynyň kömekçisi Robert Bleýkiň Daşkente saparyndan maksat ol ýerdäki ýagdaý bilen ýakyndan tanyş bolup, ýerli resmiler bilen pikir alyşmak.

Gyrgyzystanyň Saglygy goraýyş ministrligi tarapynan berlen soňky maglumatlarda günorta Gyrgyzystanda özbekler bilen gyrgyzlar arasynda turan çaknyşyklarda azyndan 189 adamyň ölendigi aýdylýar. Ýaralananlaryň sany 1900-dan ýokary.

Müňlerçe bosgun Özbegistana bardy

Andijona gumanitar kömekler iberildi, 16-njy iýun.
45 müň töweregi özbek Gyrgyzystandan gaçyp Özbegistana bardy. Müňlerçe bosgun bolsa Gyrgyzystanyň öz içinde serhediň ýakasynda ýa-da golaýdaky obalarda garyndaşlarynyň ýanynda bolýar. Bularyň hemmesi Oş we Jelalabat welaýatynyň ýaşaýjylary. Özgegistana gaçyp atanlar Andijon welaýatyndaky wagtlaýyn lagerlere ýerleşdirildi.

“Reuters” habar agentliginiň habarçysy bilen gürleşen Gülçehre Emirowa Ýorkişlok lagerindäki bosgunlaryň ýagdaýyny şeýle suratlandyrdy: “Adamlar ganly içgeçmeden ejir çekýär. Ysytma tutup, hemmesi kesel. Garry adamlar damar ýarylma ýa ýürek keselinden ejir çekýärler. Ýeterlik derman ýok”.

Bu aralykda ilkinji uçar bilen bosgunlara ýollanan gumanitar kömegiň Andijona ýetirilenligi habar berildi. Serhediň beýleki tarapynda ýerleşýän Oş we Jelalabatda bolsa adamlar iýmit ýetmezçiliginden ejir çekýärler. Çaknyşyk turaly bäri dukanlar ýa ýapyk ýa-da talanan.

Ýewropa Bileleşigi konfliktden ejir çekenlere 5 million ýewro kömek etjekdigni aýtdy. Bileleşigiň resmileri bu puluň medisina kömegi, azyk harytlary, suw üpjünçiligi we ejir çekenlere psihologik goldaw üçin göz öňünde tutulandygyny aýdýarlar.

Ýagdaýlar durnuksyz

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Oşdaky habarçysy Alişer Tosonbaýew şu gün şäheriň käbir ýerlerinde atyşyklaryň bolandygyny habar berdi. Ol “häkimiýetler tertip-düzgüni ýola goýmak barada beren wadasyny ýerine ýetirmedi” diýip, adamlaryň zeýrenýändiklerini aýdýar.

Adamlar “komendant sagadyna gözegçilik edýän edara, ýerli häkimiýetler şäherde mundan beýläk talanan dükan bolmaz, gijelerine belgisiz maşynlar göze ilmez diýdiler. Ýöne olaryň bu aýdany ýalan bolup çykdy. Nomeri ýok maşynlar gijelerine şindi-de aýlanyşyp ýör, dukanlar şindi-de talanýar” diýýäler. Bu barada Oşdaky habarçy Toksonbaýew aýdýar.

Gyrgyzystanyň goranmak ministri Ysmaýyl Isakow şu gün Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna: “Parahatçylygy goramak üçin çet ýurtlaryň güýçleri gerek däl. Asudalygy wagtlaýyn hökümetiň özi gorap bilýär” diýdi.

Geçen hepde Oşdaky gazaply hereketler möwjände wagtlaýyn hökümet Orsýetden harby kömek sorapdy. Orsýet bu haýyşy ret edip, ýurda gumanitar kömek berjekdigini aýdypdy.
XS
SM
MD
LG