Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan gumanitar kömege mätäç


Gumanitar kömek ýüklenen ýük maşynlary Oş şäheriniň merkezindäki Leniniň heýkeliniň ýanynda, 16-njy iýun, 2010-njy ýyl.
Gumanitar kömek ýüklenen ýük maşynlary Oş şäheriniň merkezindäki Leniniň heýkeliniň ýanynda, 16-njy iýun, 2010-njy ýyl.

Gyrgyzystandaky durnuksyzlyk onlarça müň adamyň ýurduň daşyna çykmagyna sebäp boldy.

Etniki özbeler ýykylan jaýlarynyň ýanynda, 16-njy iýun
Gyrgyzystandan Özbegistana geçen adamlaryň sany resmi maglumatlarda 30-40 müň adam diýilse-de, halkara guramalary bosgunlaryň sanyny 100 müň töweregi diýip kesgitleýärler. Ýene-da köp sanly bosgunlaryň özbek-gyrgyz serhedinde jemlenenligi habar berilýär.

Merkezi Aziýa boýunça analitik Sanobar Şermatowa Gyrgyzystandaky ýagdaýy gumanitar betbagytçylyk diýip atlandyrdy. Regional bilermeniň pirkirine görä, Gyrgyzystan gumanitar ýardama mätäç.

Sanobar Şermatowanyň sözlerine görä, Jelalabat we Oş şäherlerinde köp jaýlaryň, söwda merkezleriniň we beýleki dürli binalaryň ýakylmagy we durnuksyzlygyň dowam etmegi ýerli ýaşaýjylaryň gaçybatalga gözlemegine, asly özbek milletinden bolanlaryň-da Özbegistana geçmäge synanyşyklaryny dowam etdirmegine sebäp bolýar.

Ynsan hukuklaryny goraýjy Human Rights Watch guramasy Gyrgyzystanyň häkimiýetleri raýatlaryň ýurduň günortasyndaky zorluklardan gutulmagy we olaryň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi boýunça tiz çäre görmeli diýip hasap edýär.

Human Rights Watch guramasy gyrgyz hökümetini howpsuzlygy üpjün etmäge we raýatlary goramaga ýardam bermek üçin ýurduň günortasyna parahatçylygy saklaýjy güýçleriň, ilkinji nobatda-da BMG-niň güýçleriniň girizilmegini gazanmaga çagyryp, çykyş etdi.

Human Rights Watch guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça wekili Andrea Bergiň bellemegine görä, häzirki wagtda milleti özbek bolan bosgunlar we Gyrgyzystanyň günorta bölegindäki ýaşaýjylar goraga mätäç.

Andrea Bergiň sözlerine görä, özbek milletinden bolan ýerli ýaşaýjylaryň arasynda Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümetine we gyrgyz kanuny goraýjylaryna ynamsyzlyk bar. “Özbekler öz oturan ýerlerine hatda gyrgyz lukmanlaryny hem goýbermeýärler” diýip, Human Rights Watch guramasynyň wekili aýtdy.

Synçylaryň pikiriçe, diňe halkara ýardamyna daýanyp, Gyrgyzystandaky zorlugyň soňuna çykyp we ýurdy durnuklaşdyryp bolar.

Kollektiwleýin howpsuzlyk ylalaşygy guramasy

Sanobar Şermatowanyň sözlerine görä, azyk, däri-derman we beýleki ilkinji zerur hajatlaryň üpjün edilmegi – halkara ynsanperwer kömeginiň ilkinji tapgyry bolmaly. Ol ýurdy durnuklaşdyrmak üçin howpuslyk we harby taýdan ýardam berilmegine şu günki gün mümkinçiligiň ýoklugyny aýdýar.

Merkezi Aziýa boýunça bilermen, BMG-niň Parahatçylygy dörediji güýçleriniň Gyrgyzystana girizilmeginiň köp wagty talap edýän proseduradygyny bellän S.Şermatowa regionda hereket edýän Kollektiwleýin howpsuzlyk ylalaşygy guramasynyň Gyrgyzystana harby ýardam bermäge islegli däldigini aýtdy.

S.Şermatowa Kollektiwleýin howpsuzlyk ylalaşygy guramasynyň agzalarynyň islegsizliginiň sebäplerini düşündirip, Ermenistan Merkezi Aziýa regionyndan daşda ýerleşýän ýurt bolsa, Kurmanbek Bakyýewe başpena beren Belarusyň Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümetini ykrar etmeýänligini belledi.

Ekspertiň sözlerine görä, Gyrgyzystanyň goňşulary – Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gazagystanyň islegsizlgi, öz milletiniň wekilleriniň Gyrgyzystanda ýaşaýanlygyndan. Agzalan ýurtlar etniki özbekleriň, täjikleriň we gazaklaryň ýagdaýyny hasam erbetleşdirjek etniki konfliktiň güýjemeginden howatyrlanýarlar.

Aprel aýyndan bäri Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümetine diplomatik we gumanitar ýardamy berip gelýän Orsýetiň bolsa guramanyň çäginde özbaşdak harby ýardamy bermäge ygtyýary ýok.

Kollektiwleýin howpuszlyk ylalaşygy guramasyna häzirki wagtda ýolbaşçylyk edýän Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow guramanyň Gyrgyzystana berýän ýardamynyň Kollektiwleýin howpsuzlyk ylalaşygy guramasynyň esasy dokumentlerinde göz öňünde tutulýan düzgünlere laýyklykda amala aşyrylýanlygyny aýtdy.

Orsýet resmisiniň 16-njy iýunda sözlän sözüne görä, guramanyň Milli howpsuzlyk geňeşleriniň ýolbaşçylarynyň derejesinde geçirilen adatdan daşary maslahatynda Bişkegiň haýyşy boýunça ýardam hökmünde Gyrgyzystanyň kanuny goraýjy organlaryna tertip-düzgüni ýola goýmak üçin maliýe-tehniki kömegi berler.
XS
SM
MD
LG