Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Gyrgyzystana 10 million dollar möçberinde ýardam eder


“ABŞ Gyrgyzystana 10 million dollar möçberinde gumanitar ýardam eder, şol puluň ýarsy eglenmezden berler”-diýip, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton bilen Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümetiniň başlygy Roza Otunbaýewanyň telefon arkaly gürrüňiniň netijeleri boýunça Ak tamyň wekili Filip Krouly aýtdy.

“Döwlet sekretary prezidentiň wezipesini ýerine ýetiriji Roza Otunbaýewa bilen telefon arkaly gürrüňdeş bolup, Gyrgyzystanda adam pidalary hem ýaralylar bilen bagly ABŞ-nyň adyndan gynanç bildirdi. Şeýle-de häzirki ýagdaý, Gyrgyzystana şu wagt hem uzak möhletli kömek zerurlygy barasynda gürrüň boldy” diýip, Ak tamyň wekili aýtdy.

Gyrgyzystanyň günortasyndaky etnigara çaknyşyklarda, soňky resmi maglumatlara görä, ölenleriň sany 187 adam, 2 müň töweregi adam ýaradar bolupdyr.

Gyrgyzystandan gaçan onlarça müň bosgun goňşy Özbegistanda.

BMG-nyň Baş sekretary Ban Ki-Mun Gyrgyzystana kömek bermek üçin dürli halkara guramalaryň tagallalaryny koordinasiýa etjekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG