Sepleriň elýeterliligi

British Petroleum ABŞ-a 20 milliard dollar tölär


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama British Petroleum kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçirenden soň, Meksika aýlagynda nebit skwažinasynda bolan betbagçylyk sebäpli dörän ýagdaýyň öwezini dolmak üçin ýörite fond dörediljekdigini, British Petroleum kompaniýasynyň bärsinden 20 milliard dollar tölejekdigini aýtdy.

Kompaniýanyň baştutany Karl Hendrik Swanberg kompaniýanyň öz üstüne alan borçlaryny ýerine ýetirjekdigini, kompaniýanyň aksionerlerine şu ýyl peýda puluny tölemezlik kararyna gelnendigini aýtdy.

Iki aý mundan öň Meksika aýlagynda ýüze çykan ýagdaý uly ekologik betbagçylyk döretdi.
XS
SM
MD
LG