Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Eýranyň kompaniýalarynyň gara sanawyny giňeldýär


ABŞ söwda–ykdysady sanksiýalaryň täsiri ýetýän eýran kompaniýalarynyň sanawyny giňeldýär.

Bu ýerde täsirli Yslam rewolýusiýasynyň sakçylary korpusy, Eýranyň uly banklarynyň biri, şeýle-de nebit, ätiýaçlandyryş, gämiçilik kompaniýalary barasynda gürrüň gidýändigini ABŞ-nyň maliýe ministri Timoti Geýtner aýtdy.

Amerikan häkimiýetleriniň maglumatyna görä, olaryň ählisiniň Eýranyň ýadro programmasyna gatnaşygy bar.

Ýadro programmasy meselesi boýunça Eýran dünýä jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlykdan ýüz öwrenden soň, BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşi Eýrana garşy halkara sanksiýalaryny güýçlendirdi.

Şondan bir hepde geçenden soň Waşington birtaraply täze sanksiýalar girizmek kararyny kabul etdi.
XS
SM
MD
LG