Sepleriň elýeterliligi

Peterburgda 14-nji halkara ykdysady forumy açylýar


17-nji iýunda Peterburgda 14-nji halkara ykdysady forumy açylýar. Oňa 10 müň töweregi adam, şol sanda ençeme ýurduň döwlet baştutanlary, ministrler, dünýäniň iň uly kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşar.

Türkmenistandan foruma prezidentiň görkezmesi bilen ykdysadyýet we ösüş ministri Bäşimmyrat Hojamämmedow gatnaşýar

Gozgaljak baş tema Orsýet we dünýä ykdysadyýetini täzelemek bolar.

Şeýle-de global ykdysady krizisiň netijelerine garalar.
XS
SM
MD
LG