Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda 8 harby heläk boldy


Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda, Owganystan bilen serhetdäki Bajur etrabynda düýn ekstremistrler toparynyň eden hüjüminde 8 harby heläk boldy.

Hüjüm serpikdirilenden soň dikuçarlar bilen söweşijileriň pozisiýasyna zarba uruldy. 20 söweşijiniň ýesir alnandygy, 30 töwereginiň öldürilendigi habar berilýär.

3 aý mundan öň Pakistanyň häkimetleri Bajury talyplardan arassalanan etrap yglan edipdi, emma çaknyşyklar wagtal-wagtal bolup dur.
XS
SM
MD
LG