Sepleriň elýeterliligi

Özbegistanda “Zeromaksyň” ýapylmagy kimiň bähbidine?


Özbek prezidentiniň gyzy Gülnara Karimowa 63-nji Kannes Film Festiwalynda, 22-nji maý, 2010-njy ýyl.

Özbek prezidentiniň gyzy Gülnara Karimowa 63-nji Kannes Film Festiwalynda, 22-nji maý, 2010-njy ýyl.

Bir ýurduň senagatyň köp ugurlarynda iş alyp baryp, köp adamlary iş orny bilen üpjün edýän hususy sektora degişli bir kompaniýany näme üçin ýapýandygyny biläýmek aňsat iş däl. Aýratyn-da Özbegistan ýaly ýurtda.

Özbegistanda "Zeromaks" kompaniýasynyň işleriniň togtadylyp, baýlygynyň doňdurylmagy bu iş kimiň bähbidine diýen soragy döredýär.

Synçylaryň arasynda bu sorag barada umumylyk bolmasa-da, olaryň hemmesi bu işiň aňyrsynda syýasatyň ýatandygy bilen ylalaşýar.

“Aşa güýçli ýolbaşçylaryň eli bolmasa, beýle derejedäki söwda kompaniýasy Özbegistan ýaly ýurtda iş alyp baryp bilmez, ony ýapyp hem bolmaz” diýip, syýasy analizçi Artýom Ulunýan aýdýar. Ol soň hem: “Ýokary derejeli syýasy ýobaşçylar” diýip nygtaýar.

Gülnara Karimowa

Özbegistanda prezident Yslam Karimowdan derejesi ýokary ýolbaşçy ýok. Onuň töweregindäkileriň arasynda hem oňa iň ýakyny ”Zeromaks” bilen ilteşikde ady çykýan uly gyzy Gülnara Karimowa.

Gülnara Karimowanyň atasynyň oruntutary bolmagy mümkin hem diýilýär. Onsoň içinde Gülnaranyň 570 million dollar puly bar diýilýän bir kompaniýany alagada atasynyň ýapmagy geň zat. Ine, dürli çaklamalara sebäp bolýan şu.

Garaşsyz ekspert Daniel Kimmidjiň pikiriçe, prezident Karimowyň gyzynyň jemgyýetçilik roly barada käbir üýtgeşiklikler bar, ýöne munuň haýsy ugradygyny kesgitlemek kyn.

"Zeromaks" sahnadan çekilse, häzir Ispaniýada ilçilik edýän Gülnaranyň Özbegistanda haýyr-sogap işleri bilen meşgul diplomat diýlip tanalmak şansy artýar.

“Aradan alty aý ýa bir ýyl geçensoň, "Zeromaks" bir uzak ýatlama bolup galyp, Gülnara Karimowa Ýewropada tutuşlygyna gumanitar we diplomatik işlere berlen adam bolýar. Bu onuň üçin bütinleý üýtgeşik keşbe girmek. Bu tapawutly platforma” diýip, Kimmidj aýdýar.

Maşgala agzalary üçin garantiýa

Ekspertler: “Karimowyň maşgalasy oruntutarlyk meselesinde ähli ýoly açyk goýýar” diýýär. Olaryň çaklamagyna görä, 72 ýaşly prezidentiň isleýäni syýasy sahnadan çekilensoň, öz maşgala agzalary üçin garantiýa.

“Bu bütinleý mümkin zat. Ýene bir gezek nygtaýaryn, bu diňe bir çaklama, güýçli subutnama däl. Ýöne bolýan zadyň Gülnara Karimowa üçin başga bir rola geçiş bolmagy bütinleý mümkin. Munuň atasynyň oruntutary däl-de, maşglanyň bähbitleriniň, belki-de Özbegistandan daşarkday bähbitleriň sakçysy roly bolmagy mümkin” diýip, Kimmage belleýär.

Erik MakGlinçy George Meýson uniwersitetinde halkara syýasaty boýunça ekspert. Ol: “Özbegistanyň syýasy, medeni we dini ýagdaýyna seredeniňde Gülnara Karimowany prezidentiň oruntutary diýip, göz öňüne getirmek kyn” diýýär.

MakGlinçy Karimowyň uly gyzyny oruntutar etmegi niýet edinendigine-de şübheli garaýar: “Gülnaranyň şu wagta çenli eýelän orunlaryna seretseňiz, olaryň arasynda prezidentlige ýaraşyp durany ýokdyr. Adat boýunça, birine ýurduň daşynda wezipe berilse, prezident ony ýurtdan daşlaşdyrmak üçin edýär. Mysal üçin, Rahat Aliýew Ýewropa gitdi. Sebäbi Nazarbaýew onuň öz töwereginde bolmagyny islemeýärdi”.
XS
SM
MD
LG