Sepleriň elýeterliligi

ODIHR bilen Türkmenistan hyzmatdaşlygy giňelder


Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça edarasynyň direktory, ilçi Ýanez Lenarçiç

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça edarasynyň direktory, ilçi Ýanez Lenarçiç

Ilçi Ý.Lenarçiç (çepde) we Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow, 17-nji iýun
Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça edarasy (ODIHR) we türkmen häkimiýetleri ýurduň adam hukuklary babatda boýun alan borçlaryny durmuşa geçirmekde ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşdylar. Bu barada ÝHHG-niň edarasynyň direktory, ilçi Ýanez Lenarçiçiň Aşagabada eden iki günlük saparynyň dowamynda ylalaşyga gelindi diýip, ÝHHG-niň metbugat beýanatynda aýdylýar.

“Biz bu ýere Türkmenistandaky adam hukuklary boýunça reformalaryň mundan beýläk hem dowam etdirilmegi üçin öz kömegimizi teklip etmäne geldik. Ýurduň adam hukuklary boýunça boýun alan borçlarynyň durmuşa geçirilmegi üçin bilelikde iş alyp barmaga türkmen häkimiýetlerinde isleg bar” diýip, Lenarçiç aýdýar.

ÝHHG-niň ýokary derejeli wekili Ýanez Lenarçiç Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow, Mejlisiň başlygy Akja Nurberdiýewa, Demokratiýa we adam hukuklary boýunça milli institutyň direktory Ýazdursun Gurbannazarowa we beýleki resmiler bilen duşuşyk geçirdi.

Lenarçiç türkmen wekillerine ýurduň saýlaw sistemasynyň hem-de hökümete degişli bolmadyk guramalar we syýasy partiýalar baradaky kanunçylygynyň reformalaşdyrylmagy boýunça ÝHHG-niň goldawyny teklip etdi diýip, beýanatda aýdylýar.

“Biz ýurtdaky syýasy köppikirliligi ösdürmek we köppartiýalylyk sistemasyny girizmek baradaky Türkmenistanyň soňky planlary bilen ýakyndan gyzyklandyk” diýip, Lenarçiç aýdýar.

Şeýle hem ol ýurduň hökümete degişli bolmadyk pudagynyň ösdürilmegine ýol berilmegi babatda ýagdaýlaryň gowlandyryljakdygyna umyt bildirdi. “Aktiw graždan jemgyýeti islendik döwrebap demokratik döwletiň aýrylmaz bölegidir” diýip, Lenarçiç aýdýar.

Duşuşyklaryň dowamynda Lenarçiç halkara borçnamalaryň durmuşa geçirilmegi babatda hökümetleriň jogapkärçiliklerini nygtap geçdi. “Biz bu ýere daşary ýurt standartlarynyň ulanylmagyny gazanmak üçin gelmedik. Emma ÝHHG-niň agzasy hökmünde Türkmenistanyň borçlarynyň durmuşa geçirilmegi boýunça häkimiýetlere degerli ýardam berip bileris” diýip, Lenarçiç aýdýar.

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça edarasynyň direktory, ilçi Ýanez Lenarçiçiň Aşgabada sapary şu gün tamamlandy.

ÝHHG-niň metbugat beýanaty esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG