Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ÝB Eýrany, Bileleşigiň ýkdysadyýetini maslahatlaşýar


ÝB-niň resmileri Brýusselde açylan sammitde, 17-nji iýun, 2010-njy ýyl.

ÝB-niň resmileri Brýusselde açylan sammitde, 17-nji iýun, 2010-njy ýyl.

Ýewropa Bileleşiginiň şu gün Brýusselde başlanan sammitinde ilkinji nobatda Bileleşigiň başyndan sowulman gelýän ykdysady kynçylyklar barada gürrüň ediler. Ýöne Eýran meselesine hem serediler.

Jedelli ýadro programmasy sebäpli Eýranyň garşysyna girizilen täze sanksiýalary Ýewropa ýolbabşçylarynyň oňlamagyna garaşylýar.

Olar şeýle hem dokumentde Tähranyň urany ýaňy 20 prosent baýlaşdyrmagy öwrenendigini aýtmagynyň “Eýran atom ýaragyny öndürmäge synanyşýar” diýen aladany artdyrandygyny bellärler.

Täze sanksiýalaryň toplumynda Eýranyň söwda, maliýe sektory, banklary we transport baglanyşyklary nyşana alynýar. Ozal hemişe edişi ýaly, Ýewropa Bileleşigi özüniň meseläniň diplomatik ýollar bilen çözülmegini ileri tutýandygyny aýdýar.

Beýannamada Bileleşigiň daşary syýasat boýunça ýokary wekili Katerin Aştonyň Tähran bilen dialogy täzeden dowam etdirmäge taýyndygy bellenilýär.

Ýöne sammitiň esasy bölegi ykdysadyýet barada. Sebäbi häzir ýewro zonasynda nämälimlik ýitileşip, karz alýan pullaryna ýokary prosent tölemeli bolýan ýurtlaryň sany gitdigiçe artýar.

Indiki uly synag Ispaniýa

Ýewro zonasynyň öňki gaýgysy Gresiýady. Şol sebäpden Bileleşik öten aý halas ediş üçin 750 milliard ýewro taýynlamak barada ylalaşdy.

Indi bolsa ýewro zonasynyň geçmeli indiki uly synagy Ispaniýa boljaga meňzeýär. Bu ýurduň banklary hem hökümeti halkara kredit bazaryndan pul karz almakda kynçlyk çekýärler.

Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylary aladalary köşeşdirmäge synanyşýarlar. Germaniýanyň kansleri Angela Merkel 16-njy iýunda Brýusselde: “Madrid tarpyndan ýola goýlan reforma we çykdajylary azaltmak baradaky çäreler ýurdy krizisden çykarmaga ýeterlik” diýdi.

“Meniň pikirimçe biz ilki Ispaniýanyň geçen birnäçe hepdelikde eden işlerine seretmeli. Ol berk ykdysady reforma planyny ýola goýdy, býujet ýagdaýy gowulanyp gelýär. Ispan kabineti struktura reformalaryny, iş bazary reformalaryny ýola goýdy. Meniň pikirimçe, biziň işimiz tutan dogry ýolunda ilerlemegi üçin Ispaniýany ruhlandyrmak bolmaly” diýip, Merkel aýtdy.

Ýewropanyň ýolbaşçylary we Brýusseldäki ýokary derejeli resmiler bazarlary Ýewropanyň ykdysadyýeti gowşak ýurtlaryny çökermäge synanyşýanlykda aýyplamagy üstümizdäki hepde hem dowam etdirdiler.

Diňe Gresiýa bilen Ispaniýa däl

Häzir kredit bazarynda kynçylyk çekýän ýeke Gresiýa bilen Ispaniýa däl. Kredit aljak bolsalar, Portugaliýa, Italiýa, Irlandiýa, Belgiýa we hatda Fransiýadan-da ýokary üste soralýar.

Munuň sebäbi-de agzalan ýurtaryň bergileriniň gaty ýokarydygy. Ýewropa Bileleşigindäki ýurtlaryň aglabasyna bergilerini tölemek üçin kredit gerek.

Ýewro zonasynyň daşary işler ministrleriniň 16-ny öz içine alýan ýewro toparynyň başlygy Lýuksemburgyň premýerministri Jean-Klaude Ýunker: “Bazarlar Bileleşigiň Ispaniýany goldamak üçin girizen çärelerine dykgat etmeli” diýdi.

“Men Ispaniýa biziň ornadan çärlerlerimizden peýdalanmaly bolar diýip, pikir edemok. Ispaniýa barada beýle alada etmäge delil ýok” diýip, Ýunker aýtdy.
XS
SM
MD
LG