Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezidentiň kitabynyň ikinji tomy çap boldy


Aşgabatda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly fundamental ylmy işiniň dowamy çapdan çykdy. Bu barada türkmen mediasy habar berýär.

Türkmen ösümlik dünýäsiniň we halk fitoterapiýasynyň bir ýyl mundan ozal neşir edilen bu ensiklopediýanyň birinji tomunyň lukmanlaryň “ýan kitabyna” öwrülendigi barada ýurduň habar beriş serişdelerinde aýdylýar.

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyň ikinji tomunda Türkmenistanda ösýän dermanlyk ösümlikleriniň biologiki we himiki aýratynlyklary, onuň ylmy we halk lukmançylygynda ulanylyşy barada maglumatlar jemlenendir.

Kitabyň esasy bölegini elipbiý tertibinde ýerleşdirilen dermanlyk ösümlikleriniň häsiýetnamasy düzýär. Ösümlikleriň her bir görnüşi bütewi shema boýunça häsiýetlendirilendir.

Kitapda ösümlikleriň daşky alamatlary, biologiki aýratynlyklary, ýaýran ýerleri, himiki düzümi, ulanylyşy, taýýarlamagyň we ony ulanmagyň usullary beýan edilipdir.

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyň ikinji tomy aýratynlykda türkmen, rus, iňlis dillerinde örän köp sanda neşir edildi.

Kitap diňe bir lukman hünärmenleri we farmokologlar üçin däl, eýsem giň okyjylar köpçüligine-de niýetlenen diýip, türkmen mediasy habar berýär.

Berdimuhamedowyň kitaplary

«Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary»
. 2007-nji ýylda neşir edilen bu kitap Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda gazanylan üstünlikler barada gürrüň berýär.

«Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr». Bu kitapda Berdimuhamedowyň Türkmenistan, agzybir hem jebis türkmen halky, Türkmenistanyň daşary syýasat ýörelgeleri, ýaş nesil hakda öňe süren pikirleri ýerleşdirilendir.

«Türkmenistan—sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy». Kitapda ýurduň sagdyn jemgyýeti, bilimli nesli hakda gürrüň edilýär.

«Ahalteke bedewi—biziň buýsanjymyz we şöhratymyz». 2008-nji ýylyň güýzünde ilkinji gezek türkmen dilinde neşir edilen bu kitap dünýäniň birnäçe dillerinde çap boldy. Kitapda türkmen bedewleri beýan edilýär.

«Ösüşiň täze belentliklerine tarap». Bu iki tomdan ybarat kitaplarda prezidentiň çykyşlary, söhbetdeşlikleri, ýüzlenmeleri, gutlaglary ýerleşdirilendir.

Ýerli synçylar dermanlyk ösümlikler baradaky kitabyň belli bir derejede halk köpçüligini gyzyklandyrýandygyny belleýärler, emma bu kitabyň şahsyýet kultyny mahabatlandyrmak üçin ulanylmagynyň ähtimaldygyny hem aradan aýyrmaýarlar.

Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow hem öz döwründe birnäçe kitaplara awtorlyk edipdi, “Ruhnama” kitaby orta mekdepleriň we ýokary okuw jaýlarynyň okuw programmalaryna girizilipdi.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG