Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Howpsuzlyk guramasy Gyrgyzystana güýç ibermez


Kollektiwkeýin Howpsuzlyk Şertnama Guramasy Gyrgyzystana hiç hili güýji ýa-da parahatçylygy gorýjylary ibermejegini aýdýar. Bu maglumaty penşenbe güni ol guramanyň metbugat gullugy mälim etdi.

Şeýle hem ol gurama Gyrgyzystana köpçülikleýin bidüzgünçilikleriň öňüni alýan hukuk goraýjy guramalar boýunça bilermenleri ýollamak meselesine seredýär.

Kollektiwkeýin Howpsuzlyk Şertnama guramasyna Russiýa Federasiýasy, Belarus, Ermenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan hem Özbegistan girýär.

Gyrgyzystanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň maglumatyna görä, ýurduň günortasynda 11-nji iýunda başlanan etnikara çaknyşyklardan heläk bolanlaryň sany 190 çemesi adam. On müňlerçe adam öý-öwzaryny taşlap gaçmaga mejbur boldy.

Bidüzgünçiliklere gatnaşany üçin, 120-den gowrak adam tussag edildi.
XS
SM
MD
LG