Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl Gazadaky gabaw düzgünini gowşatmakçy


Ysraýylyň hökümeti Gaza sektoryndaky gabaw düzgünini gowşatmak kararyna geldi.

Ysraýyl hökümeti ol ýere geçirilmeli ýükleriň sanawyny artdyrdy.

HAMAS hereketiniň garamagynda bolan bu regiona parahat ilata degişli ynsanperwer ýardamlar goýberiler. Şeýle hem parahatçylykly maksatlar üçin niýetlenen we howpsuzlygy berjaý etmäge zerur bolan ýükler geçiriler.

31-nji maýda Palestinany goldaýjy 9 aktiwist öldürilenden soňra Ysraýyl berk halkara tankydyna sezewar boldy.

Aktiwistler gumanitar ýükleri alyp barýan gäminiň üstünde Ysraýyl harbylary bilen dörän çaknyşykda heläk bolupdy.
XS
SM
MD
LG