Sepleriň elýeterliligi

Owgan prezidenti Karzaý Ýaponiýa sapar edýär


Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý Ýaponiýa edýän 5 günlük saparynyň dowamynda ýurduň premýer-ministri Naoto Kano bilen gepleşikler geçirmekçi.

Ýaponiýa Owganystana ýardam beriji döwletlerden iň esasylaryndan biri bolup durýar.

Geçen ýyl Tokio Owganystana 5 ýylyň dowamynda bölekleýin 5 miliard dollarlyk ýardam bermäge söz beripdi.

Ýöne soňky wagtda Ýaponiýanyň resmileri berilmeli kömek şol ýurtda howpsuzlygyň berkidilmegine bagly bolar diýdi.
XS
SM
MD
LG