Sepleriň elýeterliligi

Gollandiýa bäş deňiz garakçysyny azatlykdan mahrum etdi


Niderlandlaryň sudy Aden aýlagynda ýük daşaýan gämä hüjüm edeni üçin Somaliden bäş deňiz garakçysyny bäş ýyl azatlykdan mahrum etdi.

Bu häzirki zaman Ýewropada deňiz garakçylarynyň üstünden geçirilen ilkinji sud prosesidir.

Sud diňlenişigi Rotterdamda 25-nji maýdan bäri dowam edýärdi.

Golland gämisini basyp almaga synanyşykda aýyplanýanlar geçen ýyl Daniýanyň harbylary tarapyndan tussag edilipdi.

Geçen ýyl Somaliniň kenarlarynda garakçylykly hüjümleriň 200 gowragy bolupdy.
XS
SM
MD
LG