Sepleriň elýeterliligi

Köp musulmanlar ABŞ-nyň syýasatyndan aladalanýar


Dünýäniň köp ýurtlaryndaky musulmanlar ABŞ-nyň syýasaty bilen bagly aladany başdan geçirýärler hem amerikan prezidenti Barak Obamadan barha köp göwni geçýär.

Muňa Pew Research Center garaşsyz guramasynyň geçiren sosiologik barlaglarynyň netijeleri şaýatlyk edýär.

Müsürde, Türkiýede we Pakistanda pikiri soralanlaryň diňe 17%-i, Iordaniýada 21%-i ABŞ-a hoşniýetli garaýar.

Şu hem beýleki musulman ýurtlarynda pikiri soralanlaryň aglabasy özleri üçin ir-u-giç ABŞ harby howp bolar diýip, hasap edýär.
XS
SM
MD
LG