Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Jorj Mitçell Ysraýyl ýolbaşçylary bilen duşuşdy


ABŞ-nyň Ýakyn Gündogardaky ýörite wekili Jorj Mitçell düýn ysraýyllylar bilen palestinlileriň arasynda göni bolmadyk täze ýaraşyk gepleşikleriň çäginde Ysraýyl ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

Mitçeliň Yraýylyň premýer-ministri Binýamin Netanýahu hem goranmak ministri Ehud Barak bilen geçiren duşuşyklarynyň jikme-jigi habar berilmeýär.

Ýöne ABŞ-nyň Döwlet departamenti Gaza sektoryndaky ýerüsti gabawy gowşatmak barada Ysraýyl häkimiýetleriniň kararyny maslahatlaşmaga Mitçelliň gatnaşandygyny habar berdi.

BMG-nyň Baş sekretary Ban Ki-Mun bu karardan kanagatlanýandygyny aýtdy, ýöne regiondaky ýagdaýy kadalaşdyrmakda has aýgytly ädimlere Ysraýyldan garaşýandygyny nygtady.
XS
SM
MD
LG