Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

2011-nji ýyldan Estoniýanyň ýewrozolaga girýär


Düýn Brýusselde bolan ÝB-niň sammitinde oňa agza 27 ýurduň ählisi ýakyn wagtlarda täze krizis ýüze çykan halatynda sarsgynlara durnuklygyny barlamak üçin uly banklary synagdan geçirmek kararyna geldi.

Sammitde 2011-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Estoniýanyň ýewrozolaga girýändigi baradaky karar kabul edildi.

Ýewrokomissiýanyň başlygy Joze Manuel Borosso: “Men Estoniýany gutlamak isleýärin. Ýewrozolaga girmek üçin zerur şertleriň ählisini Estoniýa ýerine ýetirdi”- diýdi.

Estoniýa ýewrozolakda 17-nji döwlet bolar.

Ýewrobileleşigiň Brýussel sammitinde şeýle-de Islandiýanyň Ýewropa Bileleşigine goşulmagy üçin onuň bilen gepleşiklere başlamak kararyna gelindi.
XS
SM
MD
LG