Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedow ABŞ-a sapar eder


17-nji iýunda geçirilen hökümet maslahatynda şu ýyl Türkmenistanyň prezidentiniň ABŞ-a sapar bilen gitjekdigi, onuň çäklerinde ençeme möhüm ugurlar boýunça iki ýurt arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk ösdürmegiň perspektiwalary we ileri tutulýan ugurlary maslahat ediljekdigi habar berildi.

Hökümet maslahatynda Berdimuhammedow şu ýyl ABŞ-a etjek saparynyň möhümdigine ünsi çekip, ýokary derejedäki türkmen-amerikan duşuşygyna pugta taýýarlyk görmek üçin degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklar berdi. Bu barada TDH gullugy teswirlemesinde ýazýar.

Saparyň anyk wagty barasynda häzirlikçe maglumat berilmeýär.

Türkmenistanyň prezidenti hökmünde ABŞ-a resmi sapar bilen S.Nyýazow 1998-nji ýylyň aprel aýynda barypdy we prezident Bill Klinton bilen duşuşypdy.
XS
SM
MD
LG