Sepleriň elýeterliligi

Ýagşy iş edenleri hakda zordan dil ýardylar


Gyrgyzystanda bolýan wakalar barada Türkmenistanyň mediasynda iki aýlap ýagşydan-ýamandan hiç zat agzalmady. Çagalary Gyrgyzystanda okaýan ene-atalar Oş welaýatynda etniki konfliktler ýüze çykan halatynda, nämedir bir habary eşitmek üçin, tolguna-tolguna daşary ýurt mediasyna gulak asan halatlarynda-da, türkmen mediasy dymdy.

Türkmenistanyň Gyrgyzystana ol ýerde bilim alýan talyplary üçin 2 sany uçar ibermegi bilen bagly wakalarda hem türkmen resmileri özlerini gaty geň alyp bardylar. Türkmen resmileriniň bu hereketi, hamala diýersiň, gizlin operasiýa gatnaşdyrylmak üçin keseki ýurda ugradylan harbylaryny hiç kime bildirmän, yzyna alyp gaýdýan döwleti ýadyňa saldy.

Daşary ýurt medialarynda Türkmenistanyň Gyrgyzystanda okaýan studentleri üçin uçarlary iberendigi baradaky habarlaryň ýaýradylanyndan iki gün geçensoň, ýurduň «Türkmenistan» hem-de «Нейтральный Туркменистан» gazetlerinde «Türkmenistanyň Prezidentiniň poçtasyndan» diýen rubrikada bu waka barada ahyry dil ýaryldy.

Çaklaňrajyk makala görnüşinde ýerleşdirilen bu habarda Lebap welaýatynyň ýaşaýjylarynyň bir toparyndan hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylaryndan ynsanperwerlik kömegi hem-de goldawy üçin, Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk hatlarynyň gelip gowşandygy barada aýdylýar.

Dabarasy dag aşmady

Türkmenistanda ýurduň prezidentine dahylly her bir waka uly dabara beslendirilýär. Hatda haýsydyr bir döwletiň uniwersitetiniň ýurduň prezidentine «Hormatly professor» diýen ady bermegem, görlüp-eşidilmedik şowhun bilen garşylanýar. Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasarlaryndan başlap, ähli edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary «Hormatly professor» diýen adyň dakylmagy bilen Berdimuhamedowy mübärekläp, oňa gutlag hatyny ýollaýarlar. Bu waka mynasybetli ýurduň ähli edara-kärhanalarynda, mekdeplerdir çagalar baglarynda bir hepdeläp şanly dabaralar, ýygnanyşyklar geçirilýär.

Ýöne Türkmenistanyň Gyrgyzystanda okaýan studentleri üçin iki sany uçary ibermegi bilen bagly waka bolsa «Türkmenistan» hem-de «Нейтральный Туркменистан» gazetlerinde çap bolan çaklaňja habar bilen tamamlandy.

Türme tussaglygyndan boşadylan bendileriň ýurt baştutanyna minnetdarlyk bildirişi hakynda dynuwsyz gepleşikleri taýýarlaýan türkmen telewideniýesinde bolsa Gyrgyzystandan uçarly gelen talyplar bilen bagly ýekeje-de gepleşik berilmedi.

Näme üçin dymýarlar?

Türkmenistanyň Gyrgyzystana ol ýerde bilim alýan talyplary üçin 2 sany uçar ibermegi hakynda dymmasy ýöne ýere däldir. Sebäbi ol talyplar ata Watanyndaky ýokary okuw mekdeplerine girip bilmän, bilim almak üçin Gyrgyzystana giden ýaşlardyr.

«Ýörite uçar ugradyp, ol ýerdäki talyplarymyzy ýurdumyza alyp gaýtdyk» diýip, ýerli mediada şowhun turuzmaga resmiler özlerini müýnli duýýana meňzeýär. Çünki bu wakada olar öwünseler, onda munça talyp Gyrgyzystana näme üçin okuwa gitdi diýlen soragyň özlerine berläýmeginden howatyrlanýarlar.

Galyberse-de, Gyrgyzystandan Türkmenistana gaýdyp gelen talyplaryň konflikt tamamlanansoň, okuwyny dowam etdirmek üçin ýene yzyna goýberilip-goýberilmejekdigi belli däl.

Ine, şu iki sany keserip duran sowallar sebäpli, türkmen resmileri Gyrgyzystandan uçar bilen alnyp gelnen talyplar hakda informasion şowhuny etmekden saklanýar.

Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG