Sepleriň elýeterliligi

Nyýazow döwrüniň gara eksperimentleriniň ýene birini düzetmäge şu günki türkmen häkimiýetleri mejbur.

Aspirantura, doktarantura görnüşinde Türkmenbaşy tarapyndan ýok edilen ýokary mekdepden soňky professional bilim sistemasyny dikeltmäge synanyşyk edilýär.

Munuň sebäplerini gizlemek, ýaşyryn saklamak mümkin däl. Prezidentiň özem muny birnäçe gezek boýun aldy. Ýurt kadrlar gahatçylygyny başdan geçirýär.

Kadaly professional kadrlar bazaryna dolanmak üçin gaty köp wagt gerek bolsa gerek. Nyýazow ylmy, bilimi galamyny ýeke gezek aýlanda ýom-ýok edip taşlapdy. Ony ýaňadan dikeltmäge onýyllyklar gerek bolar.

Ýöne bu gowy başlangyjyň bir gowşak, ejiz tarapy bar: Nyýazowyň ýykan-ýumranlyga gönükdirilen ýolbaşçylygy döwründe ylym-bilimiň külüni kim ýa kimler asmana sowurdy? Ine, şu soraga jogap ýok ýa-da olara baha kesilmändir.

Ylmy dargadyjylar, bu işiň inisiatorlary, belki, häzirem ýolbaşçy kürsülerde oturandyr? Şol adamlaryň häkimiýetde bolmagy başlanan reformalary agyzdyryklamagy, başa bardyrmazlygy mümkindir. Bu täze başlangyjyň maksady-da ýaňkydan ejiz problema däl.

Türkmen jemgyýeti üçin ýokary mekdepden soňky professional bilime dolanmagyň tarapdarlary munuň ylaýta-da ýaşlar üçin, özbaşdak hem standart bolmadyk döredijilik pikir ýöretmeleri emele getirmekde örän möhüm ähmiýetiniň bardygyny nygtaýarlar. Bu, elbet-de, logika gelýär.

Ýöne şu maksat türkmen döwletiniň ideologiýasynyň teoriýasyna-da, praktikasyna-da çapraz gelýär. Ýurduň propaganda maşyny her bir şahsyýetiň, däp bolup gelşi ýaly, häkimiýete doly tabyn bolmagy hem onuň öňünde dyza çöküp, tagzym etmegi ugrunda iş alyp barýar, şony gazanmaga çalyşýar.

Şeýle şertlerde standart bolmadyk pikir ýöretmeler şahsyýet üçin, ozaly bilen-de onuň azatlygy üçin howply bolup biler. Ýurduň her bir graždany üçin häzir özbaşdak, häkimiýetleriňkiden başga hili pikir ýöretmek hatarly.

Ýurduň ýolbaşçylary haçanam bolsa çözmeli çynlakaý meseläniň öňünde dur: doly ýapyklyk şertlerinde, dolandyryşyň býurokratik zynjyryna berk bagly ýagdaýda hakyky döredijilik ýaşabam, ösübem bilmez.

Sowet doktrinasy

Sowet doktrinasy hiç haçan liberal ideýalara daýanmaýardy, tersine, liberalizm, açyklyk sosializmiň iň howply duşmanlarynyň biri saýylýardy. Hatda sowet ýolbaşçylary dürli döwürlerde döredijilik potensialy düýbünden ýok etmezlik üçin käbir eglişige-de gidipdi.

Stalin türmeleriniň ekstremal şertlerinde döredijilik adamlary üçin ýörite zonalar döredilipdi. Şol zonalar “şaražka” atlandyrylyp, türme režimi birneme gowşadylypdy. Şol zonalara adatdan daşary çylşyrymly ylmy meseleleri çözmek üçin repressiýa sezewar edilen alymlar ýerleşdirilýärdi.

Lager režimi bilen deňeşdirilende, “şaražkalardaky” düzgün biraz ýumşakdy. Rehimsiz, zalym stalin sistemasy alymlara döretmäge mümkinçilik bermek üçin liberal çäreleri geçirmäge mejbur bolupdy.

Hruşýow döwründe şunuň ýaly liberalizm adalary birnäçe žurnal bolupdy. Olaryň arasynda “Nowyý mir”, “Ýunost” žurnallary bardy.

Gorbaçýow döwründe erkin döredijiligiň goragçysy roluny “Ogonýok” žurnaly oýnapdy. Şol žurnalda, seýregem bolsa, beýleki sowet neşirlerinde çap edilmegini göz öňüne getirip bolmajak materiallar peýda bolýardy.

Häkimiýetler diktaturanyň gysyşy astynda ýurduň döredijilik güýçleriniň solup, saralyp, ýok bolup gitmezligi üçin birazajygam bolsa döredijilik mümkinçiligini berýärdiler.

S.Nyýazow ylymda, sungatda döredijilik üçin mümkin bolan liberal meýdançalaryň barysynyň ýoguna ýandy. Hemme zat onuň, ýaradylyşy taýdan gaty çäkli adamyň, erkine bagly edildi.

Şol çäklilik halkyň durmuşynda nämelerde göründi? Ol Türkmenistanyň ähli serhetlerini petikledi, netijede jemgyýet duzaga düşdi. Şeýdibem, Türkmenbaşy Türkmenistanyň tutuş döredijilik potensialyna ölüm hökümini çykardy. Şol režim şu günem ýaşaýar.

Bu ýerde propagandistik oýunlar, boş wadalar hiç hili netije bermez. Idelogik mekirlikler bilen döredijiligi aldap bolmaz. Dörediji adamlara hakyky arassa howa gerek. Arassa howanyň täze akymy näçe güýçli bolsa, onuň hasylam şonça bol bolar.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG