Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karzaý Ýaponiýanyň inwestisiýa goýmagyny gutlady


Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý gazylyp alynýan baýlyklary taýýarlamak işine Ýaponiýanyň inwestisiýa goýmagyny gutlady.

Muny Tokioda saparda ýören Karzaý anna güni işewür toparlar bilen duşuşanynda aýtdy.

“Moral taýdan Owganystan tebigy baýlyklary özleşdirmek işine owaly bilen özüne kömek berýän ýurdy goýbermelidir. Ýaponiýa Owganystana 6,5 milliard dollara ýakyn kömek edýär, özem diňe ýagşy niýet bilen. Kabul hem muňa gaýtargy etmelidir” diýip, Karzaý aýtdy.

Golaýda ABŞ-nyň Döwlet depertamenti Owganystanda umumy bahasy 1 trillion dollara barabar bolan demir magdanynyň, misiň, kobaltyň, ýagny ak metalyň hem altynyň bardygyny mälim edipdi.

Ýaponiý Owganystana ýardam berýän döwletleriň iň esasylardan biridir.
XS
SM
MD
LG