Sepleriň elýeterliligi

Russiýa kapitalyň ösmegi baradaky salgydy ýatyrar


Russiýa geljek ýyldan başlap uzak möhletli göni inwestisiýalar üçin kapitalyň ösmegi baradaky salgydy ýatyrýar.

Bu barada Peterburg şäherinde geçýän Halkara ykdysady forumda Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew aýtdy.

Medwedew ýylyň dowamynda Russiýada uzak möhletli inwestorlary özüne çekäýjek ýörite fond döredilýndigini-de aýtdy.

Şeýle hem Medwedew daşardan gelýänler üçin wiza düzgüniniň kämilleşdiriljekdigini mälim etdi.

Russiýada inwestisiýa pudagynyň gowulanmagynyň zerurdygyny ABŞ-nyň we Ýewropanyň birnäçe ýurtlarynyň delegatlary öňe sürdüler.

Peterburg şäherinde geçýän Halkara ykdysady forum anna güni prezident Medwedewiň çykyşy bilen başlandy.
XS
SM
MD
LG