Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Owganystanda howpsuzlyk ýagdaýlary gowulaşmady


Şenbe güni Birleşen Milletler Guramasy üstümizdäki ýylyň başyndan bäri Owganystanda howpsuzlyk ýagdaýlarynyň gowulaşmandygyny belläp, ýörite hasabat ýaýratdy.

Bu baradaky maglumatda şu ýylyň başky dört aýynyň dowamynda geçen ýylyň şu döwri bilen deňeşdirilende transport ýollarynyň ugrunda partladylýan bombalaryň sanynyň 94 prosent artandygy aýdylýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretary Ban Ki-Munyň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi üçin taýýarlan nobatdaky bu kwartallyk hasabatynda soňky dört aýyň dowamynda Owganystanyň territoriýasynda her hepdede ortaça üç sany janyndan geçen hüjümçiniň dürli hili hüjümleri amala aşyrandyklary aýdylýar.
XS
SM
MD
LG