Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daglyk Garabagda Ermenistanyň dört esgeri öldürildi


Ermenistanyň Goranmak ministrligi anna güni agşam Daglyk Garabag regionynda ýüz beren atyşyklarda Ermenistanyň 4 sany esgeriniň öldürilendigi barada beýanat ýaýratdy.

Beýanatda bu ýitgileriň öten agşam Azerbaýjanyň bir ýaragly topary bilen bolan çaknyşykda ýüze çykandygy aýdylýar.

Şenbe güni Ermenistanyň goranmak ministri Edward Nalbandýan Daglyk-Garabagda ýüze çykan bu hüjümlerde resmi Bakuwy aýyplady we muny ikitaraplaýyn parahatçylyk gepleşiklerini başa bardyrmazlyk üçin bilkastlaýyn planlaşdyrylan çäre diýip atlandyrdy.

Öz gezeginde Azerbaýjanyň goranmak ministri Elhan Polukow bu ýaragly çaknyşyklaryň düýp sebäbiniň Azerbaýjanyň topragynda dowam edýän okkupasiýadygyny aýdyp, resmi Bakuwyň bu wakalara jogapkär däldigini nygtady.
XS
SM
MD
LG