Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Hytaýyň resmisini kabul etdi


Anna güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy He Gosýan bilen Aşgabatda gepleşik geçirdi.

Bu gepleşiklerde taraplar Türkmenistandan Hytaýa ýene goşmaça gaz akdyrylmagy hakynda täze kontraktyň proýektini işläp düzmek barada ylalaşyga geldiler.

Gurbanguly Berdimuhamedow bilen He Gosýan bu duşuşykda Hytaýa çekilmegi göz öňünde tutulýan ikinji bir täze trans-aziýa gaz geçirijisiniň gurluşygy bilen bagly meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu duşuşygyň yzy bilen bolsa, ikitaraplaýn tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyklar barada ýörite hökümetara ylalaşygyna gol çekildi.

Şenbe güni Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy He Gosýanyň Aşgabada saparynyň çäklerinde türkmen-hytaý biznes forumy hem açyldy.
XS
SM
MD
LG