Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Salgyt gullugy nähili gulluk edýär?!


«Türkmen döwlet habarlar» gullugynyň maý aýynyň başynda ýaýradan maglumatyndan göçürme: «Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň merkezi edarasynyň işini kämilleşdirmek we onuň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Baş döwlet salgyt gullugynyň merkezi edarasynyň işgär sany 88 birlik möçberde bellenildi. Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugyna Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde işläp taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň garamagyna bermek tabşyryldy».

Kararlaryň ýazgylary näme hakda aýdýanam bolsa, gullukçylar özüçe gulluk edýärler.

Öňler beýleki işlerde bolşy ýaly, salgyt gullugynyň işi hem örän berk kontrollykda saklanýardy. Ýöne ýurduň Garaşsyzlygy almagy bilen, näme üçindir köp gulluklaryň işinde eden-etdilikler aýdyp-diýerden köp boldy.

Salgyt ýygnamak işinde eli egrilige ýol berenligi üçin Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň döwründe salgyt gullugyna degişli işgärleriň ençemesiniň sud jogapkärçiligine çekilişi Türkmen telewideniýesi arkaly halk köpçüligine ýetirilipdi.

Salgyt gullugyna işe girmek garyp-gasaryň çagasyna başardar ýaly bolmady. Içeri hem daşary ýurt firmalarynyň köpelmegi, işsizligiň ýüze çykmalary sebäpli, köp adamlaryň söwda ýüz urmasy, şahsy söwda dükanjyklarynyň, hususy söwdagärleriň ummasyz köp möçberde ýüze çykmalary salgyt işini barlaýjylaryň köpüsine aýratyn girdeji çeşmesi bolup hyzmat edýär.

Söwda bilen meşgullanýanlaryň hemmesiniň söwdany kanuna laýyk ýagdaýda edýärmi ýa-da bikanun ýagdaýda, muny bilip aňyrsyna çykar ýaly däl. Bazarlar göz öňüne getirip bolmajak derejede köpeldi. Olardaky satyjylar alyjydan köp. Satyjylaryň ählisiniň söwda etmäge rugsat berýän hatyny (patentini) barlap çykjak bolsaň, daň atandan gün ýaşýança-da wagt ýetjek däl. Bazar komitetiniň ýolbaşçylary üçin söwda etjekleriň köplügi şonça gowy. Olar her bir iki metrlik ýere özleriçe baha kesip, satýarlar. Şeýle puly her satyjydan eline alan bazar başlyklary satyjynyň döwlet salgyt gullugyndan alan patentiniň barlygy – ýoklygy bilen gyzyklanmaýarlar. Olar boş duran iki metrlik gara ýeri satsa bolýar.

«Umumy dil»

Söwda bilen meşgullanýanlaryň rugsat hatyny (patentini) aram-aram salgyt gullugynyň işgärleri barlaýarlar. Şol barlag wagtynda salgyt gullugynyň işgärleri üçin patentli kişiden patentsiz kişi gowy görünýär. Sebäbi patentsiz kişi jübä girjek pul. Bazarlarda patentsiz kişileriň söwda edýänini, üstesine-de, olaryň näçesiniň barlygyny hökümet nireden bilsin. Hökümet maglumaty ýetirseň — bilýär, ýetirmeseň — bilenok. Şeýle ýagdaýda patentsiz adamlardan jerime hökmünde pul ýygnalýar. Jerimäniň möçberi ony ýygnaýjynyň ynsabyna bagly. Söwda edýäne nebsi agyrýan ýok. Jerime alyjylar gidensoň, jerime tölänleriň ýüzi atasy öleniň ýüzüne meňzeýär. Edil derilerin-ä sypyranoklar, ýöne, ýüreklerine mazaly yza berleni bildirýär.

Telekeçiler, içerki ýaşaýjylaryň hem daşary ýurtlularyň firmalary bilen «umumy dil tapyşyp», salgydyň möçberini azaldyp bermek boýunça işleşilende-de salgyt gullugyna degişli işgärleriň jübüleri gowy galňaýar.

Şu zatlaryň bolmazlygy üçin kanunlary geçiş döwrüniň, bazar ykdysadyýeti döwrüniň ýagdaýlaryna görä düzmek gerek. Ýogsa korrupsiýanyň ösen häzirki döwründe eli pula ýeten hiç bir işgär Watan üçin işlemeýär, öz jübüsini ýadyndan çykarmaýar.

Şeýle ýagdaýlary hem mysallary salgyt gullugynyň edaralary boýunça-da, başga döwlet edaralary boýunça-da näçe sanasaň, sanap oturmaly. Ýöne ony sanamakdan hajat ýok. Ýurtda kanunlar hem kanun goraýjylar talaba laýyk işlemese, bu aýdylan kemçiliklerden dynybam bolmaz. Eger şu zatlary düzedip bolsa, ýurduň ykdysadyýetini diňe nebit-gazyň ýa-da elektrik energiýasynyň hasabyna däl, eýsem içerki söwdanyň hasabyna-da ösdürip bolardy.

Çoluk Möwlamow aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG