Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polşada ikinji tapgyr prezident saýlawlary geçiriler


Bazar güni Polşada geçirilen prezident saýlawlarynyň deslapky netijeleri yglan edildi. Onuň öňki pikir soralyşygyň netijelerinden uly tapawut edýändigini Azatlyk Radiosynyň korrespondenti habar berdi.

Polşanyň prezidentligine dalaş eden 10 kandidatyň arasynda esasy iki dalaşgäriň biri-birinden tapawudy öň habar berlişi ýaly 10% däl-de 2%.

Seýmiň başlygy, “Graždan platformasy” partiýasynyň wekili Bronislaw Komorowskini saýlawçylaryň 40%-te golaýy goldapdyr.

Heläk bolan prezident Leh Kaçinskiniň dogany Ýaroslaw 38%-e golaý ses alypdyr.

Bu görkezijilere tutuş ýurt boýunça saýlaw uçastoklarynyň 15 prosentinde sanalan býulletenler şaýatlyk edýär.

Birinji tapgyrda prezident saýlanmak üçin kandidat 50%-den agdyk ses almalydy.

Ikinji tapgyr saýlawlar Polşada 4-nji iýula bellendi.
XS
SM
MD
LG