Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gaza sektorynda ýerüsti gabaw gowşadylar


Ysraýyl Gaza sektorynda ýerüsti gabawy gowşatjakdygyny ýene-de mälim etdi.

Ýarag hem ok-däri ýasamakda ulanyp boljak materiallardan beýleki harby däl ähli harytlary geçirmäge rugsat ediljekdigi habar berilýär.

Deňiz blokadasyny böwüsmäge synanyşan gäminiň garşysyna Ysraýylyň harbylarynyň geçiren operasiýasyndan soň ýurduň ýolbaşçylaryny halkara jemgyýetçiligi ýazgarypdy.

Ysraýylyň bu karary şol ýazgarma jogapdyr. Şol çaknyşykda palestinlilere tarapdar 9 türk aktiwisti heläk bolupdy.

Gabawy gowşatmak baradaky beýannama Ysraýylyň premýer-ministri Binýamin Netanýahunyň ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bilen Waşingtonda boljak duşuşygynyň öň ýany yglan edildi.

Duşuşyk 6-njy iýula planlaşdyrylýar.
XS
SM
MD
LG