Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Parižde hytaýly immigrantlar demonstrasiýa geçirdiler


Parižde geçirilen köçe ýörişine müňlerçe hytaýly immigrant gatnaşdy, şol aksiýa bilen olar öz problemalaryna fransuz häkimiýetleriniň ünsüni çekmek islediler.

Aksiýa fransuz paýtagtynyň Belwil kwartalynda geçirildi, soňky on ýylda bu ýerde Aziýa ýurtlaryndan köp adam ornaşypdy. Olar özlerine edilýän hüjümlerden hem ogurlyklardan şikaýat edýärler.

Aksiýa gatnaşyjylar mundan beýläk zorluga ýol bermezlik üçin çäre görmäge fransuz häkimiýetlerini çagyrdylar.

Demonstrasiýa gatnaşyjy ýaşlar bilen ýerli ýetginjekleriň arasynda çaknyşyk boldy, ejir çekenler barada maglumat berilmeýär.
XS
SM
MD
LG