Sepleriň elýeterliligi

“Gazprom” Belarusa berýän gazyny 85% kemeldip biler


Şu gün “Gazprom” moskwa wagty bilen sagat 10-dan Belarusa berýän gazyny 85% kemeldip biler.

Orsýet kompaniýasy şu ýyl beren gazy üçin Belarusdan 192 million dollar algysyny almak isleýär.

Öz gezeginde Belarus tarapy tranzit üçin “Gazpromyň” özüne 200 million dollar bergilidigini geçen hepde mälim etdi.

Şenbe güni Peterburgda “Gazpromyň” başlygy Alekseý Miller bilen Belarusyň energetika ministri Aleksandr Ozersowyň geçiren gepleşikleri hiç hili netije bermedi.

“Gazpromyň” ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçirmek üçin belarus delegasiýasynyň Moskwa ugraýandygy habar berildi.
XS
SM
MD
LG