Sepleriň elýeterliligi

Ýakynlaşmak barlyşygy talap edýär


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Aşgabat, 2010-njy ýyl

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Aşgabat, 2010-njy ýyl

Türkmenistanyň soňky hökümet maslahatynda ýurduň propagandasy täze baş ugra eýe boldy – türkmen prezidentiniň şu ýyl ABŞ-a etjek saparyny köpçülige nähili görnüşde hödürlemeli?

Umuman alnanda, bu saparyň maksady hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge syrygýar. Ýokardan berlen görkezmä laýyklykda Berdimuhamedowyň Amerika etjek sapary türkmen-amerikan gepleşiklerini ösdürmäge täzeden itergi bermeli.

Indiki amala aşyrjak saparyny kommentirlemek bilen prezident Berdimuhamedow Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň strategik partnýory diýip atlandyrdy. Türkmen ýolbaşçylarynyň sözünden çen tutsaň, hemme zat gülala-güllük, munuň ýaly zat öň bolmandyr, sapardan uly hem çynlakaý netijelere garaşybermeli. Bu hakykatdanam şeýlemikä?

Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar hakykatdan-da böwsüş bolarmy ýa iki tarapyň biri-birine ýakynlaşmagyny yza tesdirýän päsgelçilikler barmy?

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama we ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton, Waşington, 3-nji iýun.
Elbetde, Aşgabadyňam, Waşingtonyňam islegi belli. Şeýle ýakynlaşmadan özlerine diňe peýda geljegine Amerika-da, Türkmenistanam gowy düşünýär.

ABŞ-a musulman dünýäsiniň goldawy gaty zerur. Eýran, Owganystan we bu regionda ABŞ üçin ýönekeý bolmadyk beýleki ýurtlar bilen Waşingtonyň agyr hem kyn gepleşiklerinde Türkmenistan araçylyk roluny oýnap biler. Türkmenistanyň özüne-de dünýäniň iň uly hem güýçli döwletinden syýasy hem ykdysady goldaw gerek.

Öz ululygy boýunça diýseň tapawutly, belki-de, iň esasysy hem – döwlet gurluşy taýdan başga-başga ýurtlar hakykatdan-da ýakynlaşyp bilermi? Şeýle ýakynlaşma başa baraýanda-da, ol strategik ýakynlaşma adyna gabat gelýärmi?

Gürrüňi edilýän tapawut hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýolunda geçmesi kyn böwet bolup biler. Amerika dünýäde juda açyk ýurtlaryň biri, şonuň üçinem bu açyklyga düýbünden ters gelýän, juda ýapyk Türkmenistan ony hemişe ynjalykdan gaçyrar.

Ýurdy şahsy häkimligi (goý, ol hakyky şahsyýet bolaýsyn) çäklendirilmedik bir adam, ýagny prezident edara edýär we hut şu ýagdaý hem amerikan tarapyny deňhukukly ýakynlaşmadan saklar.

Adam hukuklary

Amerikan tarapyny aradaşlygy eserdeň saklamaga iterjek ýene bir ýagdaý – adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalaryň tassyklaýşy ýaly, režimiň repressiw häsiýetidir.

Eger türkmen häkimiýetleri döwletiň jemgyýete bolan gatnaşyklaryny liberallaşdyrmak boýunça real ädimler ädip görkezmese, onuň Amerika bilen strategik hyzmatdaşlygy başa barjak iş däl. Ol Waşingtonyň hötjetligi bilen asla bagly däl.

ABŞ-daky demokratik häkimiýet sistemasynyň özi amerikan döwlet gurluşynyň esasyny düzýän adamsöýüjilik ideallaryny kimiňdir biriniň äsgermezlik etmegine ýa ony bozmagyna göz ýumup bilmez.

Birleşen Ştatlaryň prezidentinde ägirt uly häkimiýet bar. Emma ol hökümdar däl. Ol ahyrky netijede jemgyýetiň öňünde jogap bermeli. Bu ýurtda amerikan prezidentinden, mysal üçin, Türkmenistanyň baştutany bilen duşuşykda adam hukuklaryny goramak meselesinden näme üçin gaça durduň? - diýip, dogry durup sorap biljek güýçler bar. Asla ol bu soragdan gaça durarmy?

Türkmen tarapy hemişe ähli özara gatnaşyklar deňlik, özara ynam hem ikitaraplaýyn bähbit prinsipleri esasynda gurulmaly diýen pikire ähmiýet bermäge çalyşýar. Munuň arkasynda ýönekeý hasap-hesip ýatyr: eger kimdir biri Türkmenistandan köp zatlar talap etse, onda Aşgabat ýorganyny başyna büräp, bir gapdala çekiler. Ýakynlaşmak diýmek bolsa barlyşygy talap edýär.

Umuman, Günbatar, hususan-da Waşington Türkmenistanyň özüniň demokratik özgerişleri geçirmäge aýgyt ederine sabyrlylyk bilen garaşmaga taýýar. Ýöne sözde, şygarlarda däl-de, anyk ädimlerde. Bu zerur ädimler ädilse, ana, şol pursatdan başlap, iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk dogrudaky gürrüňler anyk häsiýete eýe bolar.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG