Sepleriň elýeterliligi

Oşda adatdan daşary ýagdaý dowam edýär


Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümeti ýurduň günorta regionlarynda yglan edilen adatdan daşary ýagdaýyň möhletini uzaltdy.


20-nji iýunda Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümeti Oş regionynda yglan edilen adatdan daşary ýagdaýyň möhletini 25-nji iýuna çenli uzaltdy.

Indi Gyrgyzystanyň günortasynda 11-nji iýunda biduzgünçilikler ýüze çykanda yglan edilen adatdan daşary ýagdaýyň möhleti ýurtda geçirilmeli referenduma iki gün galanda tamamlanmaly.

Wagtlaýyn hökümete ýolbaşçylyk edýän Roza Otunbaýewa Oş regionynda bolan wakalarda heläk bolan adamlaryň sanynyň tas iki müňe golaý bolmagynyň mümkindigini mälim etdi.

Häzir Oşa baran Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň habarçysy Brýus Panniýeriň aýtmagyna görä, ýerli häkimiýetler hem referenduma iň bolmanda iki gün galanda, bu ýerde yglan edilen adatdan daşary ýagdaýy ýatyrmaga çalyşýarlar.

Adatdan daşary ýagadaýyň möhletini gaýtadan uzaltmaly bolsa, referendumy hem gaýra goýmaly bolar diýip, Brýus Panniýer çak edýär. “Sebäbi şol refgerenduma gatnaşyp bilmejek adamlaryň sany artar. Bişkekde käbir syýasatçylar referendumyň gaýra goýulmagynyň tarapdarlary. Emma Roza Otunbaýewa bu möhüm çäräni planlaşdyrylan güni, ýagny 27-nji iýunda geçirmek kararynda galýar”.

Etniki özbekleriň mümkinçiligi

Şeýle hem Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Brýus Panniýer Oş hem Jelalabat şäherlerinde barrikada gurup, özlerini goraýan etniki özbekleriň bu referenduma gatnaşmaga mümkinçilikleriniň bolmajakdygyny aýtdy. Bu referendum etniki özbekler gatnaşmazdan geçirilse, uly ýalňyşlyk bolar diýip, žurnalist belledi.

Brýus Panniýer özi bilen gürrüňleşen özbek milletinden bolan graždanlaryň hökümetde özlerine wekilçilik edip biljek ýekeje adamyň hem ýokdugyny aýdandyklaryny belledi.

Ýerli etniki özbekleriň aýtmaklaryna görä, bu regionda hem esgerler, hem polisiýa işgärleri – hemmesi etniki gyrgyzlardan ybarat. Şonuň üçin 27-nji iýuna planlaşdyrylan referenduma etniki özbekler gatnaşdyrylmasa, olar bu Konstitusiýa biziňki däl, ol gyrgyz Konstitusiýasy diýmekleri mümkin diýip, Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň habarçysy Brýus Panniýer Oşdan beren maglumatynda aýtdy.

Oş şäheriniň häkimi Melisbek Myrzakmatowyň 20-nji iýunda agşam sagat 6-a çenli Oşdaky hemme barrikadalar ýok edilmeli diýen buýrugy onsuz-da dartgynly ýagadaýy has hem ýitileşdirdi.

Bu barada Brýus Panniýer şeýle maglumat berdi: “Käbir raýonlar otlanylyp, weýran edildi. Ýöne barrikadalary gurup, bu ýerde henize çenli ýaşap ýören etniki özbekler az däl. Olar köçä çykmaga gorkýarlar, gyrgyz hökümetine bolsa düýpden ynanmaýarlar. Oş häkiminiň buýrugy bolsa bu ýerde ýaşap ýören adamlary has hem gorkuzdy. Olar ýoluň ugrunda guran barrikadalaryny aýyrsalar, gahar-gazaba münen gyrgyzlardan howpuň abanyp biljekdiginden howatyrlanýarlar. Olar gyrgyz esgerlerine ynanmaýarlar”.

Şeýle-de Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Panniýer 20-nji iýunda etniki özbekleriň ýaşaýan ýerlerine harby dikuçarlardan barrikadalary aýyrmaga çagyrýan listowkalaryň taşlanandygyny bize habar berdi.

20-nji iýunda Gyrgyzystanyň harby goşunlary agdarylan maşynlardan, gum doldurylan haltalardan, döwük garniturdyr-stollardan dikeldilen barrikadalary aýryp başladylar.

Garaşsyz derňewlere zerurlyk

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi Robert Bleýk özbek-gyrgyz serhedinde, 18-nji iýun.
Şenbe güni Gyrgyzystana sapar eden Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretarynyň kömekçisi Robert Bleýk Gyrgyzystanda bolan bu ganly waka babatda garaşsyz halkara derňewiniň geçirilmegine çagyryş etdi.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň habarçysy Brýus Panniýeriň aýtmagyna görä, etniki özbekler Robert Bleýkiň aýdanlaryny hoşallyk bilen garşyladylar. Robert Bleýk bosgunlaryň birnäçe lagerine baryp, 19-njy iýunda-da Roza Otunbaýewa bilen duşuşyp, pikir alşansoň, şeýle çagyryşlary öňe sürdi.

ABŞ-nyň ýokary derejeli wekili gyrgyz häkimiýetlerini ýurdy terk etmäge mejbur bolan müňlerçe bosgunlaryň howpsuz ýagdaýda yzlaryna dolanmaklaryny üpjün etmek üçin ähli zerur şertleri döretmäge çagyrdy.

Gyrgyzystana eden saparynyň barşynda Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretarynyň kömekçisi Robert Bleýk öz ýurdunyň Gyrgyzystana 32 million dollara barabar gumanitar kömegini bermekçidigini aýtdy.

“ABŞ ynsanperwerlik kömegini öz içine alýan programmalara 32 million dollara barabar serişde bermäge taýýar. Şeýle hem bu kömegiň çäginde öýlerini terk etmäge mejbur bolanlara ýakyn wagtda bäş million dollara barabar serişdäniň berilmegi barada karara gelindi” diýip, ABŞ-nyň ýokary derejeli wekili belledi.

Şol bir wagtda-da gyrgyz-özbek araçäginde gumanitar betbagtçylyk diýlip atlandyrylan ýagdaýy kadalaşdyrmak ugrunda iş alnyp barylýar.

Häzirlikçe öz Gyrgyzystandaky öýlerini terk etmäge mejbur bolanlaryň sany 400 müňe barabar boldy. Olaryň 100 müňüne Özbegistana aşmak başardan bolsa, ýene 300 müňe golaý adam serhetýaka regionlarda ýörite bosgunlar üçin gurnalan lagerlerde ýaramaz şertlerde ýaşamaga mejbur bolýarlar.
XS
SM
MD
LG