Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda iki adam atylyp öldürildi


Gyrgyzystanly resmileriň aýtmagyna görä, ýurduň günortasynda ýerleşýän Oş şäheriniň özbekleriň köpçülikde ýaşaýan etrabynda duşenbe güni ýüze çykan wakalarda azyndan 2 adam heläk bolup, 17 adam ýaralandy.

Howpsuzlyk güýçleriniň metbugat wekili heläk bolanlardan biriniň polisiýa hüjüm edilenden soň atylyp öldürilenligini we beýlekisiniň bolsa ýaralanyp, keselhana alnyp barylýarka ýolda aradan çykanlygyny aýtdy.

Soňky döwürde Oşda gyrgyz we etniki özbekleriň arasynda ýüze çykan çaknyşyklarda azyndan 208 adam heläk bolup, 400 müň töweregi ýaşaýjy öýlerini terk etmäge mejbur bolupdy. Olardan 100 müň töwereginiň goňşy Özbegistana baranlygy aýdylýar.

Azatlyk Radiosynyň Oşdaky habarçysy Brýus Panniýer heläk bolan adamlardan biriniň jesedini görenligini we wakany gözi bilen gören şaýatlaryň şol adamyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan ýenjilip öldürilenligini aýdanlygyny belledi.

Gyrgyzystanyň howpsuzlyk güýçleri polisiýanyň barlag geçirmek üçin şol etraba baranlygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG