Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Belarusa akdyrýan gazyny azaldýar


Belarus Orsýetiň Gazprom kompaniýasyna bergisini tölemänligi üçin bu ýurda akdyrylýan gazyň möçberi azaldylyp başlandy.

Gazpromyň ýolbaşçysy Alekseý Miller duşenbe güni eden çykyşynda Belarusa akdyrylýan gazyň 15 prosent kemeldiljekdigini mälim etdi.

Gazprom Belarusyň gaz boýunça 192 million dollar bergisiniň bardygyny we bu pul tölenmese, Belarusa akdyrylýan gazyň 85%-e çenli azaldyljakdygyny duýdurdy.

Belarus bergi barada Gazpromyň delilleri bilen ylalaşmaýar.

Orsýetiň Ýewropa akdyrýan gazynyň 20%-i Belarusyň territoriýasyndan geçýär. Emma Moskwa Minski bilen aralarynda dörän bu ylalaşmazlygyň Ýewropa akdyrylýan gaza ýaramaz täsirini ýetirmejekdigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG