Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabada adam hukuklary boýunça teklip hödürlendi


Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň ýokary derejeli wekili Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiligi bilen işleşmäge razylyk bildirýänligini aýdyp, bu ädime gowy baha berdi.

ÝHHG-niň Demokratiýa we adam hukuklary boýunça institutynyň (ODIHR) ýolbaşçysy Ýanez Lenarçiç bu pikirini duşenbe güni Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugyna beren interwýusynda aýtdy.

Lenarçiçiň aýtmagyna görä, onuň ýolbaşçylyk edýän edarasy saýlawlary geçirmek, graždan jemgýyetçiligi boýunça guramalar, hökümete degişli bolmadyk toparlaryň döredilmegi we adam hukuklary boýunça okuw programmasy barada kanun taslamalaryny Aşgabada hödürledi.

ÝHHG-niň wekili bu teklipleriniň Türkmenistan tarapyndan gowy garşy alnandygyny aýdyp, öz guramasynyň maksadynyň diňe maslahat bermekden ybaratdygyny hem-de bu taslamalary durmuşa geçirmek meselesiniň Türkmenistanyň hökümetine degişlidigini aýtdy.

“Biz bu taslamalary olar bilen bilelikde amala aşyrmaýarys, biz diňe bu ugurda kömek edýäris, öz tejribämizi paýlaşýarys. Şeýle pikirlerden olar peýdalanýarlarmy, eger peýdalansalar nähili we haçan peýdalanarlar - bu olara degişli mesele” diýip ÝHHG-niň wekili aýtdy.

ÝHHG-niň wekili Ýanez Lenarçiç Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistanda dowam edýän syýasy çäklendirmeler bilen bagly meseläni hem gozganlygyny sözüniň üstüne goşdy.
XS
SM
MD
LG