Sepleriň elýeterliligi

Pakistan asylly amerikan öz günäsini boýun aldy


Nýu-Ýorkda bolan sudda terrorizmde aýyplanýan pakistan asylly amerikan graždany Faýsal Şahzad öz günäsini boýun aldy.

1-nji maýda Nýu-Ýorkuň merkezinde - Taýms skwerde minaly maşyny partlamaga hut Şahzadyň taýýarlanandygyny derňew anyklady.

Şahzad Dubaýa uçmaga synanyşan wagty 4-nji maýda Nýu-Ýorkuň aeroportunda tussag edilipdi.
XS
SM
MD
LG