Sepleriň elýeterliligi

Polşada saýlawlarynyň resmi netijeleri yglan edildi


Polşada hepdäniň bazar güni geçirilen birinji tapgyr prezident saýlawlarynyň resmi netijeleri yglan edildi.

Saýlawlaryň ikinji tapgyrynda bäsleşjek kandidatlardan häzir prezidentiň wezipesini ýerine ýetiriji, polýak parlamentiniň başlygy Bronislaw Komarowskä saýlawçylaryň 41 ýarym prosenti, oppozision “Hukuk we adalat” partiýasynyň lideri Ýaroslaw Kaçinskä 36 ýarym prosenti ses berdi.

Çepçi güýçlerden kandidat G.Naperalskiý 13 prosent gowrak ses aldy. Ikinji tapgyr saýlawlaryň netijesi onuň pozisiýasyna uly derejede bagly bolar.

Ikinji tapgyr prezident saýlawlary 4-nji iýula bellendi.
XS
SM
MD
LG