Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkiýe goşunlaryny Yrak bilen serhetdeş etraba getirdi


Hepdäniň şenbe güni kürt söweşijileriniň hüjüminden soň düýn Türkiýe goşunlaryny Yrak bilen serhetdeş etrapda ýerleşdirdi. Şol hüjümde 12 türk esgeri heläk bolupdy.

Habar serişdeleriniň maglumatyna görä, Hakkari we Şyrnak welaýatlarynda söweşijileriň pozisiýasy diýlip güman edilýän ýerlere dikuçardan zarbalar urlupdyr.

Düýn kürt seperatistleri Diýarbekir welaýatyndaky harby bölümlere hüjüm etdiler. Söweşde bir esger wepat boldy, dört söweşiji öldürildi.

Kürt söweşijileri Yragyň demirgazygynda, Türkiýe bilen serhede golaý etraplarda hereket edýärler.
XS
SM
MD
LG