Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yragyň energetika ministri wezipesinden çekildi


Elektrik togunyň kesilmegine garşy Yragyň günortasynda geçirilen protest aksiýalaryndan soň Yragyň energetika ministri wezipesinden çekildi.

“Reuters” agentliginiň berýän habaryna görä, milli telewideniýe boýunça eden çykyşynda Kerim Wahyd: “Amerikanlaryň Yraga girenine ýedi ýyl bolandan soňam ýurduň häkimiýetleri ýeterlik ygtyýarlyklary alyp bilmedi” diýdi.

Şeýlelikde, ministr duşenbe güni daşa tutmak arkaly polisiýa bilen çaknyşyga giren En-Nasiriýa şäherindäki protestçileriň talabyny ýerine ýetirdi. Çaknyşykda 17 polisiýa işgäri ýaralandy.

Mundan öň elektrik energiýasynyň kesilmegi boýunça jogapkärçiligi Yrak häkimiýetleri Eýranyň üstüne atypdy.
XS
SM
MD
LG