Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz wakalaryna Bakyýewiň gatnaşygy tassyklanýar


Gyrgyz häkimiýetleri Gyrgyzystanyň günortasyndaky bidüzgünçilikleri gurnamaga öňki prezident Kurmanbek Bakyýewiň töwereginiň gatnaşygyna özlerinde delilleriň bardygyny aýdýarlar.

Jelalabat welaýatynyň komendanty Kubat Baýbolowyň sözlerine görä, Bakyýewiň saklanan garyndaşlary gatnaşyklaryny boýun alyp, düşündiriş berýärler.

Düýn gyrgyz harbylary Oş şäherinde ýörite operasiýa geçirdiler, onuň gidişinde bärsinden iki adam heläk boldy hem 20 gowragy ýaralandy.

Soňky resmi maglumatlar görä, Gyrgyzystanyň günortasyndaky etnigara konfliktde ölenleriň sany 200 adamdan geçýär.

Oş şäherinde hem onuň eteklerinde adatdan daşary ýagdaý režimi dowam edýär.
XS
SM
MD
LG