Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda neşebentleriň sany bir million adamdan geçýär


BMG-niň arka durmagynda geçirilen barlaglaryň netijelerine görä, soňky bäş ýylda Owganystanda neşebentleriň sany 75% artyp, bir million adamdan geçýär.

Bärsinden 350 müň owganlynyň geroin, tirýek ýaly neşeleri yzygiderli ulanýandygy habar berilýär. Beň, marihuana çekmegem ýurtda juda ýörgünli.

Owgan hökümetinde neşe maddalaryna garşy göreşe jogap berýän wekil Azgar şeýle diýdi: “Biziň ýurdumyzda neşekeşleriň sanynyň artmagy uly alada döredýär. Kabulda neşe çekýän adamlaryň sanynyň ep-esli artandygyny görmek mümkin. Biz milli tragediýanyň, betbagçylygyň bosagasynda durus. Şol neşekeşler biziň şäherlerimizde, biziň obalarymyzda, ýurduň dürli etraplarynda ýaşaýarlar”.

Dünýäde öndürilýän geroiniň hem tirýegiň jemi 90%-i Owgansytanyň paýyna düşýär.
XS
SM
MD
LG