Sepleriň elýeterliligi

69 ýyl öň faşistik Germaniýa SSSR-e çozupdy


69 ýyl mundan öň 22-nji iýunda faşistik Germaniýa SSSR-iň üstüne çozupdy.

Orsýet şu gün Watan goragçylarynyň hatyra gününi belleýär.

Ýurduň tutuş territoriýasynda döwlet baýdaklary biraz aşak düşürildi. Telekanallara we radiostansiýalara şagalaňly programmalary efire bermezlik teklip edildi.

Faşistik Germaniýa Sowet Soýuzyna 1941-nji ýylyň 22-nji iýunynda çozupdy. Ikinji jahan urşunda SSSR iň agyr pida çekipdi.

Orsýet Ýaragly güýçleriniň harby-memorial merkeziniň maglumatyna görä, 26 ýarym million adam uruşuň pidasy bolupdy.
XS
SM
MD
LG