Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ministrler Kabinetiniň soňky maslahatynda Türkmenistanyň ählumumy ilat we ýaşaýyş jaý fondunyň ýazuwyny geçirmäge taýýarlyk görülýändigi baradaky habar peýda boldy.

Ilat ýazuwyny geçirmäge türkmen ýolbaşçylaryny nämeler iterýär hem häkimiýetler alnan maglumatlary nähili ulanarlar – bu soraglar gümürtikligine galýar.

Bu işde ýazuw geçirmek barada BMG-niň teklibiniň we gelen kararynyň roly nähili? Şunuň bilen bagly ýazuw geçirilende BMG-niň wekilleri oňa synçylyk edermi, gatnaşarmy? Bu soraga jogap bermek ýeňil däl, çünki şu wagta çenli demografik taýdan Türkmenistanyň ilatynyň düzümi, sany baradaky hakyky informasiýa ýapyk strategik maglumatlaryň hatarynda saklanylýar.

Türkmen häkimiýetlerinde Nyýazowyň ýa Berdimuhamedowyň döwründe ilatyň sany hem onuň düzümi barasynda takyk sanlar barmydy? Bu soraga şu wagta çenli jogap ýok. Ol gerekmidi asyl? Bir zat aýan - haýsydyr bir san ýaýradylmaly bolsa, ol diňe propaganda maksatlary üçin aýan edilýärdi.

Nyýazow ýurduň ilat sanyny hemişe çişirip görkezýärdi. Ol soňky gezek ilat sanyny ýedi milliona golaýladypdy, şol bir wagtda-da ýakyn ýyllarda Türkmenistanyň ilatynyň on milliondan aňry geçjekdigini nygtapdy. Emma aram spesialistler bu sanyň dört ýarym-bäş milliondan aňry geçmeýändigini aýdýardylar.

Durmuş hakykatyny bezäp, timarlap görkezmek, sanlary galpaşdyrmak sowet döwrüniň ideologiýasynda giňden ulanylýardy, Nyýazowyň režimi şondan baş prinsipi - hakykat hökman däl, göz üçin bir zatlar görkezmek möhüm diýen prinsipi özüne nusga edindi.

Nähili galplaşdyrylan surat döretmeli? Hemme zat şoňa baglydy. Eger hasyl barada gürrüň gidýän bolsa, ýylyň-ýylyna sanlar artdyrylyp ýazylýardy. Ýöne Ikinji jahan urşunyň pidalary, adatça, kemeldilip berilýärdi. Onýyllyklaryň dowamynda proraganda 20 million adamyň uruşda wepat bolandygyny tassyklap geldi. Kimdir biriniň galamy soňky ýyllar ony ýedi million artdyrdy. Ýedi million az san däl. Ýöne kyrk million adam diýen resmi däl maglumatlaram bar.

Gaýrat gerek

Planlaşdyrylan ilat ýazuwynyň ykbaly, elbet-de, şol ýazuwyň häkimiýetler üçin näderejede gerekdigine bagly bolar. Häkimiýetler ony köpçülige aýan edermi? Eger şu sapar hakyky sanlar ýaşyrylsa, maglumat gabawy bilen bagly häzirem ideologik çäklendirme agalygyny dowam etdirse, onda, edil öňküler ýaly, ilat ýazuwynyň hakyky sanlaryny diňe Milli howpsuzlyk ministrligi ulanyp biler.

Döwletiň demografik gurluşynyň ösüşi bilen bagly maglumatlary beýleki edaralaryň ählisi diňe ýokardan berlen sanlar esasynda öz işinde ulanar. Şonda häkimiýetleriň ykdysadyýeti ösdürmekde ilat ýazuwynyň takyk sanlaryny ulanmak baradaky wadalary boş gürrüň bolup çykar.

Bu işde başizm ideologiýasy ýene-de ýeňiji bolar. Ol ähli mümkin bolan serişdeler arkaly maglumatlaryň üstünden gözegçiligi özünde saklamak isleýär. Ilat ýazuwy ýaly syrlary açmaga häkimiýet ýaňy-ýakyna çenlem taýýar däldi. Öz ýurdy hakdaky hakyky maglumatlary türkmenistanlylar bilen paýlaşmak, türkmen häkimiýetlerinden, megerem, taryhy gaýratlylygy talap edýän bolsa gerek.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG