Sepleriň elýeterliligi

Medwedewiň Birleşen Ştatlara sapary başlanýar


Medwedewiň sapary döwrebap tehnologiýanyň global mekany hasaplanýan Kaliforniýanyň “Silicon Valley” ýaýlasyndan başlanýar.

Medwedewiň sapary döwrebap tehnologiýanyň global mekany hasaplanýan Kaliforniýanyň “Silicon Valley” ýaýlasyndan başlanýar.

Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew şu gün Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna barýar. Bu sapardan maksat ilkinji nobatda Orsýetiň tehnologiýa sektorynyň 21-nji asyra aýak basmagyna kömek etmekleri üçin amerikan maýadarlarynyň göwnüni tapmaga synanyşmak.

Medwedewiň sapary döwrebap tehnologiýanyň global mekany hasaplanýan Kaliforniýanyň “Silicon Valley” ýaýlasyndan başlanýar. Orsýetiň ýolbaşçysy bu ýerde kompýuter ägirdi “Sisco Systems” kompaniýasynyň wekilleri bilen gepleşik geçirer. Aýdylyşyna görä, bu kompaniýa Orsýetde ägirt uly möçberde maýa goýmagy wada edipdir.

Medwedew bu ýerde Google, Microsoft we Intel ýaly kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen hem duşuşar. Inteliň öňki ýokary derejeli işgäri Kraig Barrattiň aýtmagyna görä, Medwedewiň isleýäni Moskwadan daşarda Skolkowa şäherinde Orsýetiň öz “Silicon Valley” mekanyny döretmek.

Medwedew öten hepde ykdysady forumda içeri hem daşary ýurt maýadarlaryna gönükdirip, Orsýetiň indi “özgerendigini” aýtdy: “Biziň iň möhüm wezipämiz maýadarlar üçin amatly şert döretmek bolsa gerek. Ähli zatda üstünlik gazanyp bilmesek-de, geçmişde bu ugurda äden ädimlerimiz boldy. Ýöne bu gün bu maksady öz işlerimiziň merkezi edip goýduk”.

Rus prezidentiniň çet ýurt maýadarlaryny ýurda çekmek üçin göz öňünde tutan planlary maýa goýanlaryň girdejiden töleýän salgydyny azaltmak, daşary ýurt maýa goýumlary çäklendirilen kompaniýalaryň hem-de döwlet kompaniýalarynyň sanyny azaltmak, milisiýanyň hatarlaryndaky korrupsiýany ýok etmek ýaly çäreleri öz içine alýar.

“Syýasy mazmun ýok”

Ýöne Medwedew bu planlary bilen amerikan maýadarlaynyň Orsýetdäki biznes ýagdaýy baradaky aladalaryny aradan aýryp bilmese gerek. Bu barada Halkara parahatçylygy baradaky Karnegi merkeziniň Orsýet we Ýewraziýa programmasynyň direktorynyň orunbasary Matthew Rojanski maýadarlary getirjek bolsaň, ýurtda ilki düýpli özgerişler amala aşyrylmaly diýýär.

“Orsýetiň döwrebaplaşmagy barada Medwedew makalalar ýazýar, çykyşlar edýär. Ýöne bularyň içinde artyk syýasy mazmun ýok. Täzeçillik üçin Skolkowa şäheri Moskwa üçin “Silicon Valley” bolar diýen ýaly pikirler bar. Muňa köp syýasy we ykdysady maýa goýuldy. Ýöne rus ykdysadyýetini ýa syýasy sistemasyny reformirlemek barada welin, düýpli tagalla ýok”.

Birleşen Ştatlarda Medwedew ykdysady taýdan bolmasa-da, syýasy taýdan oňat garşylansa gerek. Sebäbi rus-amerikan gatnaşyklary soňky ýyllarda güýçlendi. Iki ýurt ýadro ýaraglaryna kontrollyk barada täze ylalaşyga gol çekişdiler. Olar Birleşen Milletler Guramasynda Eýran barada umumy front döretdiler. Owganystan barada hem giň gerimli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

Rojanskiniň pikiriçe, Medwedewiň saparyna ykdysady ýa söwda sapary diýilse-de, gürrüň Waşingtonda syýasy meselelere ýazar.

“Iki ýurduň arasynda entek ykrar edilmedik START şertnamasy bar. Parahatçylykly ýadro hyzmatdaşlygy barada 1-2-3 ylalaşyklar bar. Bularyň ikisi-de howpsuzlyk we ykdysady mesele. Owganystana zerur ýükleri ýetirmek hakda-da oňat hyzmatdaşlyk bolýar. Sebäbi orslar Owganystanda durnuklylygyň bolmagynyň iki ýurduň hem bähbidinedigine göz ýetirdiler. Birleşen Ştatlar bilen Orsýet neşä garşy göreşde hem hyzmatdaşlyga başlady. Onsoň Gyrgyzystan bar. Gün tertibinde ilkinji orunda duran şular bolsa gerek” diýip, Rojanski aýdýar.

Syýasy temalaryň arasynda häzir gyssaglysy Gyrgyzystandaky ýagdaý. Bu barada Medwedew bilen Obamanyň bilelikdäki beýannamasynyň çykmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG