Sepleriň elýeterliligi

Amerikan bazasyny ýangyç bilen üpjün etjek kompaniýa döredilýär


Gyrgyzystanyň hökümet ýolbaşçylary Manasda ýerleşýän amerikan harby bazasyny ýangyç bilen üpjün etmek boýunça döwlet tarapyndan eýeçilik edilýän kompaniýanyň dörediljekdigini aýdýarlar.

Bu baradaky karara sişenbe güni Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümetiniň ýolbaşçysy Roza Otunbaýewa gol goýdy. Şol karara görä, bu kompaniýa 10 günüň dowamynda dörediler.

Mundan ozal şol harby bazany ençeme hususy kompaniýalar ýangyç bilen üpjün edýärdi. Olaryň aglabasynyň Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Kurmanbek Bakýyewiň ogly Maksim Bakyýewe degişli bolanlygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG