Sepleriň elýeterliligi

Lukaşenka Ýewropa akýan rus gazyny kesmegi buýurdy


Prezident Aleksandr Lukaşenka Belarusyň üsti bilen Ýewropa akdyrylýan rus gazynyň kesilmegine buýruk berdi.

Mundan ozal Orsýetiň Gazprom kompaniýasynyň ýolbaşçysy Belarusyň 192 million dollar bergisiniň bardygyny aýdyp, bu ýurda akdyrylýan gazyň 30% azaldylanlygyny mälim edipdi.

Lukaşenkanyň bu buýrugy Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen sişenbe güni geçiren duşuşygynyň dowamynda berenligi aýdylýar. Lawrow resmi sapar bilen sişenbe güni Minskä barypdy.

Lukaşenka rus ýolbaşçysy bilen geçiren duşuşygynda gaz boýunça bergi meselesiniň iki ýurduň arasyndaky “gaz urşuna” öwrülip barýanlygyny aýtdy diýip, habar berilýär.

Orsýetiň Gazprom kompaniýasynyň ýolbaşçysy Alekseý Miller bu barada sişenbe güni eden çykyşynda şeýle diýdi: “ Belarus Orsýete bergisini tölemek boýunça düýn hiç hili hereket etmedi. Şunlukda, Moskwa 22 iýunda irden sagat 10-dan başlap Belarusa akdyrýan gazyny 30%-e çenli azaldýar”.

Gazprom duşenbe güni Belarusa akdyrýan gazyny 15% azaldanlygyny aýdypdy.

Belarus bergisini tölemese, Moskwa bu ýurda akdyrylýan gazyň möçberini 85%-e çenli azaltjakdygyny duýdurýar.
XS
SM
MD
LG